Türkmen talyplary Hytaýda geçen nazary mehanika boýunça halkara olimpiadanyň baýraklaryna eýe boldular
Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde ýerleşýän Hohaý uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda guralan nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasy türkmen ýaşlary üçin diýseň düşümli boldy.
Bäsleşige dünýäniň 66 uniwersitetinden 600-den gowrak talyp gatnaşdy.
Olimpiadada Watanymyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Dursunjemal Ataýewa we Mähriban Azadowa şahsy we toparlaýyn hasapda ikinji orunlary eýelediler.
Türkmen talyplarynyň gazanan ajaýyp netijesi olaryň hünär taýýarlygynyň derejesini tassyklady we Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara üstünlikleriniň sanawyny bezedi.
