Täze ýyl günlerinde ýangyn howpsuzlygyny berjaý edeliň
Hormatly ildeşler, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň giň zerurdygyny size ýatladýarys!
Baýramçylyk günlerinde edara-kärhanalarda, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edýän jogapkär adamlar bellenilmelidir. Jaýlaryň, desgalaryň golaýyna ýangyn söndüriji awtoulaglaryň barmagy üçin niýetlenen ýollarda, ätiýaçlyk çykalgalaryň öňlerinde geçmäge päsgelçilik döredjek zatlar goýulmaly däldir.
Medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerleri ýangyn söndüriji we aragatnaşyk serişdeleri, ýagtylandyryjy çyralar bilen üpjün edilmelidir. Baýramçylyk çäreleri geçirilýän ýerlerde, ýaşaýyş jaýlarynda daşky örtügi zaýalanan elektrik akymly geçirijileri, yşyklandyryjylary ulanmak, olaryň üstünden dürli bezegleri asmak, birikdirilen simleri sarap goýmak, elektrik ýagtylandyryjy çyralaryň daşyna ýanýan zatlary örtmek, bir elektrik nokadyna birnäçe enjamlary bir bada birikdirmek gadagandyr.
Ýangyn hadysalary ýüze çykanda telefon arkaly «01» belgä, el telefonlaryndan bolsa «001» belgä jaň edilip, habar berilmelidir. Täze ýyl arçasy demirden edilen esasynyň üstünde berkidilip oturdylmalydyr. Arçanyň başy jaýyň üçeginden 1 metr aşakda bolmalydyr.
Täze ýyl dabarasynda jaýlarda, arçalaryň oturdylan ýerlerinde feýerwerkleri, bengal otlaryny ýakmak, partlaýjy jisimleri ulanmak gadagandyr. Çünki uçgunlardan uly ýangynlaryň döremegi mümkindir. Baýramçylyk arçasynyň golaýynda elektrik, gaz akymy bilen işleýän gyzdyryjy enjamlaryň goýulmagyna we olaryň gözegçiliksiz galdyrylmagyna ýol berilmeli däldir.
Öýüňizden çykanyňyzda, elektrik enjamlarynyň doly öçürilendigini barlamagy ýatdan çykarmaň!
Hormatly okyjylar! amulinfo saýtynyň adyndan sizi ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Täze ýyl size we ýakynlaryňyza saglyk, parahatçylyk, rowaçlyk we täze üstünlikler getirsin. Arzuw-islegleriňiz hasyl bolsun, her günüňiz şatlykly pursatlara beslensin!
