“PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy önümçilik däl desgalara tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

Dek 19, 2025 - 19:39
“PETRONAS Çarigali Türkmenistan” kompaniýasy önümçilik däl desgalara tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy Gyýanlydaky toplumyna degişli önümçilik däl desgalara tehniki hyzmat bermek boýunça №PCT/TKA/2025/001 belgili tendere gatnaşmaga kompaniýalary çagyrýar

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza (tenderiň nomerini we adyny hökman görkezmeli);
  • arza bermek hukugy üçin ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • Türkmenistanda hasaba alnan kompaniýalar üçin kompaniýanyň bellige alyş resminamasynyň nusgalary (eger olar bar bolsa);
  • bu ugurda iş tejribesi;

Arzalar bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tenderseсretarytkm8@petronas.com.my

 Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81