Türkmenistan ýapon kompaniýalaryna suw arassalaýjy desgalar boýunça hyzmatdaşlyk teklip edýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Tokioda ýapon işewür jemgyýetiniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak we olary netijeli dolandyrmak Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadygyny belledi. Şeýle hem suw arassalamak ulgamynda ýapon tehnologiýalarynyň senagatda-da, hojalykda-da ulanylmagyna, şeýle hem ikitaraplaýyn tehnologik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýurduň gyzyklanma bildirýändigi nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem ýurduň suw serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny dolandyrmak, “ýaşyl” we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Duşuşygyň dowamynda sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meselesini aprel aýynda hem ara alnyp maslahatlaşylandygy we häzirki wagtda bu ugra Türkmenistanda aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Serdar Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda hapa suwlary arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany, şeýle hem, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
