Ýapon işewürlerine Türkmenistanda galyndylary işleýän zawodyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi

Dek 20, 2025 - 16:21
Ýapon işewürlerine Türkmenistanda galyndylary işleýän zawodyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitinde, 2025-nji ýylyň 20-nji dekabry, Tokio, Ýaponiýa (Surat: akorda.kz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Tokioda ýapon işewür jemgyýetiniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmaga gönükdirilendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem ykdysadyýetiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen Türkmenistanyň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy çaltlaşdyrmak, “ýaşyl” geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmäge üns berilýandigini nygtady. Habarda bellenilişi ýaly, bu ugurlaryň her biri boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli giň mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine ýokary baha berdi we minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti duşuşygyň ahyrynda hapa suwlary arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen  taslamany, şeýle hem, daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.