Azyk bolçulygyna goşant goşýan halal önümçilik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda uly öňegidişlikler gazanylýar. Telekeçileri goldamak, dürli önümleri öndürýän hususy kärhanalara giň ýol açmak barada edilýän işler hem ajaýyp netijelerini berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde, ýokary hilli önümleri öndürmekde, döwletimizde azyk bolçulygyny döretmekde hususy telekeçilik möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýle digini obalarda, şäherçelerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň mysalynda hem görmek bolýar.
Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Akmyrat Jumageldiýew hem 2024-nji ýylda şäherçäniň merkezinde çörek we çörek önümlerini öndürýän önümçiligi ýola goýdy. Bu ýerde işler sazlaşykly alnyp barylmak bilen, öz topragymyzda öndürilýän ak undan azyk önümleriniň birnäçe görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň arasynda gün kimin lowur dap duran tegelek tamdyr çöregini, ýagly we gury petirleri görmek bolýar.
Işine ezber çörek bişiriji doganlar Akbibidir Aýgül Nagymowalaryň işiň ilerlemegine goşan paýynyň uludygyny bellemek gerek. Doganlaryň yhlasy bilen bişirilýän mele-mysyk çörekler alyjylaryň islegli harydyna öwrülipdir. Galypda taýýarlanylyp bişirilýän çörekler hem tagamlylygy bilen hem meleriň göwnünden turýar.
Bu bölümde işini söýýän, kesbine kämil çörek bişiriji ýigit Wepa Durdyýew zähmet çekýär. Elbetde, onuň işi ussatlygy talap edýär. Çörekleriň daşynyň gyzgyl reňkde lowur dap durmagy Wepanyň işine ussatlygyndan habar berýär. Hamyr ýugrup ýasaýjylar Bahar Pirjikowa dyr Aýsoltan Nagymowanyň hem ýerine ýetirýän işleri öwge mynasyp.
Önümçiligiň gapdalyndaky dükan hemişe müşderiler üçin açyk. Onda çörek we çörek önümleri gyzgynlygy bilen alyjylara ýetirilýär. Satyjy gelin Aýna Öwlýakulowa bolsa medeniýetli hyzmaty ýola goýupdyr. Dükança gelýänleriň yzy üzülmeýär. Bu ýerde her gün azyndan 1500-e golaý tamdyr, 500 töweregi galyp çöregi, şeýle-de buýurmalar esasynda ýagly we gury petirler ilata satylýar.
— Biz öndürýän önümlerimiziň hiline uly üns berýäris. Olaryň tagamly we ýokary hilli bolmagyny gazanmak biziň baş maksadymyzdyr. Geljekde öndürýän önümlerimiziň görnüşini giňeltmekligi hem göz öňünde tutýarys. Täze ýyl baýramy ýetip gelýär. Biziň öndürýän çörek önümlerimiz hem baýramçylyk saçaklarynyň bezegi bolar. Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşýandygymyza begenjimiziň çägi ýok. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan işleri rowaç alsyn! — diýip, telekeçi Akmyrat Jumageldiýew guwanç bilen aýdýar.
Hawa, hyzmat hormat işi hasaplanýar. Onda-da duz-çörek ýaly mukaddeslik bilen baglanyşykly hyzmatyň mertebesi örän beýik bolýar. Biziň il-günüň alkyşyny alan bu önüm öndürijilere işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw edýäris.
