Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji ýokary derejeli sammitine gatnaşdy
Sammitiň işine şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri hanym Sanae Takaiçi gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň başynda ýurtlaryň uzak möhletleýin, durnukly we köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga umumy ymtylmalaryny görkezip, ilkinji gezek ýokary derejede bir ýere jemlenendiklerini belläp geçdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi, onuň täze ugurlardyr amaly mazmun bilen üstüniň ýetirilmegi ugrunda çykyş edýändigini aýdyp, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedow “ýaşyl” geçişi, wodorod energiýasyny, howa gün tertibini, üstaşyr ulag arabaglanyşygyny köptaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezdi.
Sammitiniň dowamynda gatnaşyjylar altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, syýasy dialogy, sebitara hyzmatdaşlygy, işewürligi ilerletmek, intellektual we ynsanperwer alyşmalar ýaly ugurlarda anyk teklipdir garaýyşlary beýan etdiler.
“Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogy 2004-nji ýyldan başlap, Ýaponýanyň Türkmenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bu dialog ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, tejribe alyşmaga we bilelikdäki taslamalara ýardam edýär.
