Hazar deňziniň portlarynda «Maritime Single Window» başlangyjyny işe girizmek meýilleşdirilýär

Dek 21, 2025 - 00:53
Hazar deňziniň portlarynda «Maritime Single Window» başlangyjyny işe girizmek meýilleşdirilýär

Bu barada «Caspian Ports and Logistics 2025» atly halkara serginiň we maslahatyň dowamynda aýdyldy.

«Maritime Single Window» — bu deňiz daşamalary üçin «bir penjire» elektron ulgamy bolup, ol düzgünleri ýönekeýleşdirýär we port amallarynyň açyklyk mümkinçiliklerini artdyrýar.

Maslahatyň dowamynda TRACECA-nyň Sanly konsepsiýasyna, Sanlylaşdyrmak boýunça iş toparynyň işine, şeýle hem kagyzsyz daşamalary ösdürmäge we agza döwletleriň arasynda elektron maglumatlaryň özara ykrar edilmegine gönükdirilen Elektron resminamalary ulanmak hakynda Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berildi.