Türkmen telekeçileri durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar

Awg 2, 2025 - 14:29
Türkmen telekeçileri durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar

Türkmen telekeçileri bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ösüşine goşant goşmak bilen, durmuş maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Munuň şeýledigine ýurtda jogapkärli işewürligiň kemala gelmegi hem şaýatlyk edýär. Jemgyýetçilik ösüşinde eýeleýän ornuna oňat düşünýän telekeçiler milli derejede ileri tutulýan wezipeleri çözmäge goşant goşýarlar. Şunda innowasiýalar, durnukly ösüş babatda ýurduň hususy kärhanalarynyň toplan üstünlikli tejribesi meňzeş meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge çalyşýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin nusga bolup biler diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda telekeçiligi, eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge we daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen taslamalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahaty ýaly düzümler bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýurduň telekeçileri öňdebaryjy bilimlere, tehnologiýalara, iň gowy dünýä tejribelerine elýeterliligi gazanýarlar. Munuň özi olaryň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, täze bazarlara çykmak üçin mümkinçilikleriniň giňeldilmegini şertlendirýär. Zenanlaryň telekeçilik işini, innowasion taslamalary ösdürmek, startaplary goldamak boýunça maksatnamalar şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.
BMG-niň goldamagynda guralýan halkara sergilere, forumlara we täjirçilik maksatly saparlara türkmen kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy olara dünýäniň ähli ýerinden mümkinçiligi uly hyzmatdaşlardyr maýadarlar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi eksport edilýän harytlaryň geriminiň giňeldilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagyna amatly şert döredýär.
Halkara kadalara laýyklykda söwda amallarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, bu ugurdaky işlere döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy daşary söwda ulgamynyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.
2024-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan dünýä döwletleriniň işewür toparlary bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekmek, hyzmatdaşlygy ýola goýmak, daşary ýurtlarda söwda wekilhanalaryny hem-de söwda öýlerini açmak arkaly halkara işewürlik gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär.