BMG-niň Türkmenistandaky maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň forumy hem geçiriler

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde hususy pudagyň forumy hem guralar.
TDH-niň habar berşi ýaly, forum Türkmenistanyň kiçi we orta işewürliginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň dünýäniň üpjünçilik ulgamyna goşulyşmagy üçin ajaýyp meýdançany hödürlär. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde telekeçilik işiniň möhüm ähmiýetine göz ýetirmek bilen, forumyň guramaçylary geografik ýerleşiş bilen bagly meseleleri ýeňip geçmekde onuň ähmiýetli ornuna üns berýärler.
Maslahatyň çäklerinde telekeçilik, maýa goýumlary çekmek, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, söwda gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerine bagyşlanan ýöriteleşdirilen mejlisler we çäreler guralar. Türkmen telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik alarlar. Munuň özi özara bähbitli ylalaşyklary baglaşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder.
Forumda sanlylaşdyrmak, hususy pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns çekiler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek üçin täze ýollaryň agtarylmagynyň zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu işde sanly çözgütler esasy gurallaryň biri bolup biler. Türkmenistanyň hususy pudagy häzirki wagtda bu ulgamda uly üstünlikleri gazanýar. Şunlukda, olaryň toplan tejribesi maslahatyň beýleki gatnaşyjylary üçin peýdaly bolup biler.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak maslahat Türkmenistanyň hususy pudagy bilen halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, maliýe we maýa goýum düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda-da täze gözýetimleri açar.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde hususy pudagyň forumynyň hem geçirilmegi Türkmenistanda telekeçilik pudagynyň ösüşiniň senenamasynda-da möhüm waka öwrülip, pudagyň halkara giňişlikde eýeleýän ornuny düýpli pugtalandyrar. Bu giň gerimli çäre diňe bir türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerine ünsi çekmek bilen çäklenmän, bazar gurallarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine-de ýardam eder diýlip, habarda aýdylýar.