Medeniýet hepdeligi — ruhy baýlygyň dabarasy
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli medeniýetiniň öwrenilmegi, gorap saklanylmagy we häzirki zaman ruhunda dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap medeni ojaklar, sungatyň dürli ugurlary boýunça geçirilýän bäsleşikler, halkara festiwallar türkmen medeniýetiniň pajarlap ösmegine, dünýä medeniýetine goşulyşmagyna mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi, şeýle hem şol günlerde giň gerimli çäreleri öz içine alýan Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bu ulgamyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak pursatlary, ruhubelentligi we döredijilik ylhamyny döredýär.
Ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda gadymy Ahal topragynda geçiriljek bu hepdelige Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem uly topary gatnaşar. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda ýaýbaňlandyryljak dabaraly konsertde welaýat medeniýet merkeziniň “Lebap” folklor tans we Saýat etrabynyň “Çapak” folklor toparlary Jeýhun derýasynyň ýakasynda, milli mirasymyzy, mukaddes däplerimizi şöhlelendirýän “Noý-noý” hem-de “Çapak” tanslary bilen çykyş ederler.
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary hem ajaýyp döwrümizi wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş eder. Ýurdumyzyň medeniýet-sungat ulgamynyň ýeten belent sepgitlerini buşlaýan bu baýramçylykda welaýatymyzyň wekilleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli tutumlaryny wasp edýän, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar bilen çykyş ederler.
Ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň beýanyna öwrülen, milletimiziň ruhy dünýäsiniň şöhlelenýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde welaýatymyzda-da giň gerimli çäreler guralar. Baýramçylyk günlerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Milli medeniýetimiz — genji-hazynamyz” atly giň göwrümli sergi, welaýat kitaphanasynda bolsa “Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy” atly hepdälik kitap sergisi ýaýbaňlandyrylar.
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň hem bu şanly sene mynasybetli “Altyn Jan” atly taryhy spektakly sahnalaşdyrandyklaryny, şeýle hem ýaşlaryň durmuşyndan söz açýan “Bir gyza dört aşyk” atly sahna oýnuny taýýarlanandyklaryny bellemek bolar.
Şeýle hem Medeniýet hepdeliginiň dowamynda bagtyýar ildeşlerimiz Türkmenabat şäheriniň hem-de etrapdyr şäherleriň medeni ojaklarynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertlerine tomaşa etmäge mümkinçilik alarlar. Medeniýet hepdeligine taýýarlyk işleriniň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işler welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň bu baýramçylyga mynasybat sowgatlar bilen gatnaşýandyklaryny görkezýär.