«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklandy
«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Meýilnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Strategiýada bellenen çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň bilim edaralarynyň abraýyny has-da ýokarlandyrmak, ýokary hünär bilimi ulgamynyň halkara derejede bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ýokary okuw mekdepleriniň ulgamlaýyn ösüşini we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
