Türkmenabadyň himiýa zawodynyň täze önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy

Okt 17, 2025 - 09:05
Türkmenabadyň himiýa zawodynyň täze önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy

Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş sapary çäklerinde dabaraly ýagdaýda Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümçilik toplumynyň düýbüni tutmaga ak pata bermegi mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahata zawodyň işçi-hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan döwrebap ykdysady özgertmeleriň, şol sanda importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler.

Türkmenabadyň S.A. Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň çäginde guruljak täze toplumda ýylyna 350 müň tonna superfosfat hem-de 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndürmek meýilleşdirilýär. Bu taslama ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny has-da ösdürmäge, daýhanlary ýokary hilli mineral dökünler bilen üpjün etmäge hyzmat eder.

Maslahata gatnaşyjylar täze toplumyň işe girizilmeginiň netijesinde himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatynyň artjakdygyny, ýerli çig maldan öndürilýän dökünleriň hiliniň ýokarlanjakdygyny we oba hojalygynda öndürijiligiň ýokarlanmagyna mümkinçilik dörejekdigini nygtadylar.

Bu möhüm başlangyç hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň netijesidir.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan düýpli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Olar täze toplumyň gurluşygynyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrjakdygyny, daýhanlaryň we zähmetkeşleriň netijeli işlemegi üçin giň mümkinçilikleri dörederdigini nygtadylar.