Google Quantum AI: kwant prosessor superkompýuterdan 13 müň esse tiz işleýär
Google Quantum AI topary kwant tehnologiýasynda täze möhüm netijä ýetdi. Fizikler 65 kubitli kwant prosessorda fiziki ulgamyň işini klassiki superkompýuterdan 13 müň esse tiz simulirlemäge mümkinçilik berýän täze usuly synagdan geçirdiler.
Ylmy işiň esasy maksady — kwant prosessorynyň öz dinamikasyny, ýagny öz iş ýörelgelerini öz başyna “düşünip bilmegini” öwrenmekdi.
Kwant ulgamlarynda birnäçe kubit biri-biri bilen täsirleşende, olaryň ýagdaýlary “çeşelenýär” we maglumat ulgam boýunça çalt ýaýraýar. Bu hadysa kwant garyşmagy diýip atlandyrylýar.
Google-yň fizikleri bu ýagdaýy öwrenmek üçin OTOC (Out-of-Time-Order Correlator) diýilýän ýörite ölçeg ulanýarlar. OTOC ulgamyň içindäki üýtgeşmeleriň nähili dowam edýändigini görkezýär.
Google topary bu gezek adaty OTOC däl-de, onuň has çylşyrymly görnüşi bolan OTOC(2) synagyny geçirdi. Bu usul ulgamyň içindäki dört sany aýratyn kwant ýoluny deňeşdirýär we olaryň arasynda ýüze çykýan interferensiýany, ýagny biri-birine täsir edýän “akylly tolkunlary” ölçemäge mümkinçilik berýär.
Netijede, OTOC(2) ulgamyň gurluşyny has çuňňur derejede görkezýär we maglumat signaly adaty usullardan has uzak wagtlap saklanyp durýar.
65 kubitli kwant prosessorda geçirilen synaglaryň biri diňe 2 sagat töweregi dowam etdi. Şol bir işi dünýäniň iň güýçli superkompýuterleriniň biri bolan Frontier ýerine ýetirmek üçin 3,2 ýyl gerek bolardy. Şeýlelikde, kwant enjamy bu meseläni 13 müň esse tiz ýerine ýetirdi.
Google-yň hünärmenleri bu usulyň kömegi bilen kwant ulgamlarynyň hakyky fiziki kanunlaryny öwrenmegiň täze ýoluny açandygyny aýdýarlar. Bu tehnologýa diňe bir ylmy barlaglar üçin däl, eýsem,
-
kwant kompýuterleriniň näsazlygyny ýüze çykarmakda,
-
täze materiallary modelirlemekde,
-
energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda hem ulanylyp bilner.
Ylmy iş “Altyngulp zolagy” (Goldilocks zone) ady bilen tanalýan sebitde ýerine ýetirildi — bu dereje maglumatlary kwant enjamynda ölçemäge mümkin, ýöne klassiki kompýuterde ol maglumatlary doly hasaplap bolmaýar.
Google Quantum AI topary indi bu täze usuly hakyky fiziki materiallary öwrenmekde ulanmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa, kwant enjamlarynyň diňe algoritmleri ýerine ýetirýän däl-de, eýsem öz kanunlaryny öwrenýän "akylly" ulgamlara öwrülmegine ýol açýar.
