Türkmenistanyň agyr atletikaçylary dünýä çempionatynda üstünlik gazandylar

Perunyň paýtagty Lima şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. Olar dürli agram derejesinde çykyş edip, bir altyn we birnäçe kümüş medala mynasyp boldular.
Anamjan Rustamowa dünýä çempiony boldy
Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa Peruda geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyny eýelemegi başardy.
87 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Anamjan Rustamowa ýurdumyzyň iň üstünlikli türgenleriniň biri boldy. Ol silterläp 108 kg, itekläp 141 kg, jemi 249 kilogramy göterip, altyn medala eýe boldy. Bu agram derejesinde kümüş medal meksikaly Wanessa Lizarraga (244 kg: 109+135), bürünç medal bolsa russiýaly Mariýa Gruzdowa (242 kg: 108+134) nesip etdi.
Yslam Akmyradow kümüş medal gazandy
96 kg agram derejesinde çykyş eden Yslam Akmyradow silterläp 141 kg, itekläp 175 kg göterip, jemi 316 kg bilen ikinji orny eýeledi. Bu agramda altyn medal ermenistanly Grigor Gazarýana (330 kg: 145+185), bürünç medal bolsa hindistanly Parw Çaudhara (315 kg: 140+175) gazanmak nesip etdi.
Didarbek Jumabaýew hem üstünlik gazandy
81 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew silterläp 137 kg, itekläp 168 kg, jemi 305 kg bilen kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde altyn medal Ukrainaly Sergeý Kotelewskiýe (314 kg: 142+172), bürünç medal bolsa Latwiýaly Maksim Wasilonoksa (297 kg: 136+161) nesip etdi.
Kakamyrat Annamyradow kümüş medal eýeledi
73 kg agram derejesinde çykyş eden Kakamyrat Annamyradow silterläp 130 kg, itekläp 160 kg, jemi 290 kg netije bilen ikinji orny eýeledi. Altyn medaly müsürli Metwally Hüseýin Abdelrahman (306 kg: 141+165), bürünç medaly bolsa gazagystanly Ýernur Myrzahmet (286 kg: 131+155) gazandy.
Türkmen türgenleri dünýäde tanalýar
Bulardan başgada Ogulşat Amanowa ýaly türgenleriň hem bu ýaryşda üstünlikli çykyş edendigi bellärliklidir. Türkmenistanyň agyr atletikaçylarynyň şeýle halkara ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli miwesidir.