Türkmenistanyň biržasyna nebit-himiýa önümlerine isleg artdy — geleşikleriň bahasy 10 million dollara ýetdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) penşenbe güni geçirilen söwdalarda nebit-himiýa önümlerine bolan islegiň ep-esli artandygy habar berilýär.
Daşary ýurt walýutasyndaky söwda geleşikleriniň umumy bahasy 10 million ABŞ dollaryna golaý boldy. Esasy alyjylar hökmünde Gryzýa we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler çykyş etdiler. Olar suwuklandyrylan gaz hem-de mazut satyn aldylar. Bu bolsa türkmen nebit-himiýa önümleriniň halkara bazarlarynda durnukly islegden peýdalanýandygyny görkezýär.
Söwdalar diňe bir daşary ýurt bilen çäklenmän, içerki bazarda hem işjeňlik boldy. Içerki telekeçiler tarapyndan 2,7 million manatlykdan gowrak möçberde geleşik baglaşyldy. Bu geleşikleriň hatarynda jinsi köýnekler we pagtadan öndürilen ýüplükleriň söwdasy hem bar. Munuň özi ýurduň ýeňil senagatynda we sarp ediş bazarynda hereketleriň barha güýçlenýändigine şaýatlyk edýär.
