Belarusyň ýokary okuw jaýlary türkmen talyp dalaşgärlerinden resminamalary kabul etmegi dowam edýär
Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi — Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU), Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU), şeýle hem Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU) — Türkmenistandan gelýän talyp dalaşgärlerinden resminamalary kabul etmegi dowam edýär.
Bu ýokary okuw jaýlaryna kabul ediş işleri Türkmenistandaky resmi wekil — “Abraýly Watan” hususy kärhanasy tarapyndan doly gurnalan hem-de giň gerimli hyzmatlar bilen üpjün edilýär.
“Abraýly Watan” kärhanasy dalaşgärlere uniwersitet we hünär saýlamakda maslahat berýär, giriş synaglaryna taýýarlyk boýunça kömek edýär, şeýle hem Belarusda talyplary howa menzilinde garşy alyp, ýatakhana bilen üpjün edýär we täze gurşawa uýgunlaşmagyna ýardam berýär.
Giňişleýin maglumat we şahsy maslahat almak üçin aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
(+993 65) 05 72 75
(+993 64) 05 72 75
(+993 63) 27 72 75
(+993 62) 94 48 22
