BSG: 2024-nji ýylda dünýäde holeradan ölüm 50% ýokarlandy — 6 müňden gowrak adam aradan çykdy
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSG) duýduryş berýär: 2024-nji ýylda holeradan bolup geçýän ölüm derejesi 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 50% artdy.
Keselden aradan çykanlaryň sany 6 müňden geçdi — muňa garamazdan, bu kesel öňüni alyş hem-de bejeriş bilen doly kontrol astyna alnyp bilinýär.
BSG-nyň şu hepde çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, holera bilen kesellänleriň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5% ýokarlandy, emma ölüm derejesiniň düýpli ýokarlanmagy ýagdaýyň agyrlaşandygyny görkezýär.
2024-nji ýylda holera 60 ýurtda hasaba alyndy, 2023-nji ýylda bolsa bu görkeziji 45 ýurtda bolupdy. BSG-nyň maglumatyna görä, ähli ýagdaýlaryň 98%-i Afrika, Ýakyn Gündogar we Aziýa ýurtlaryna degişlidir.
Gurama bu ýokanç kesel bilen bagly ölüm derejesiniň ýokary bolmagynyň sebäbini – arassa agyz suwy, sanitariýa şertleri we lukmançylyk hyzmatlarynyň ýetmezçiligi bilen düşündirýär. BSG halkara jemgyýetçiligini bu ýagdaýyň öňüni almak üçin dessine çäre görmäge çagyrýar.
