«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

«TÜRKMENNEBIT» DÖWLET KONSERNINIŇ BALKANABAT NEBITÇILIK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:
1. Nebit we gaz guýularyny burawlamak.
2. Nebit we gaz känlerini işläp geçmek.
3. Nebit we gaz guýularyny düýpli abatlamak.
4. Gidrogeologiýa we inženerlik geologiýasy.
5. Nebit we gaz känleriniň geologiýasy we agtarylmasy.
6. Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak.
7. Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.
8. Himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek.
9. Sanly maglumatlary işläp taýýarlamak.
10. Kärhananyň we senagat toplumlarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy.
11. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
12. Buhgalterçilik hasaby alnyşy we audit.
13. Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
14. Binalaryň we desgalaryň gurluşygy
hem-de ulanylyşy.
15. Kompýuter ulgamlary we toplumlary.
16. Tehnologiki prosesleriň we önümçilikleriň awtomatlaşdyrylyşy.
17. Önümçilikde hili we hyzmaty dolandyrmak.
18. Logistikada operasion işi.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebine umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2,5 ýyl. Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Balkanabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde (Balkanabat ş.) 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-si, 24-i we 25-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünär: himiki birleşmeleriň hiline analitiki gözegçilik etmek — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
beýleki hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebiniň salgysy: Balkanabat ş.,
Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 11,
tel.: 3-12-20, 7-01-25, 7-01-26, 7-01-14.