Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Iýul 31, 2025 - 08:07
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek üçünji ýokary derejeli halkara maslahatynyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Döwlet Habarlary agentliginiň (TDH) resmi web sahypasynda habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagt Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan ýolunda Arkadag şäheriniň üstünden geçdi. Şol pursatlar täze gurlan şaýoluň we döwrebap köpriniň açylyş dabarasy bilen gabat geldi. Dabarada ýaşulular we körpeler döwlet Baştutanynyň ýoluna ak pata berip, ony mähirli arzuwlar bilen garşy aldylar.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi wekiller garşylady. Täzeden enjamlaşdyrylan bu döwrebap desgada iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylyp, halkara derejesindäki howa hyzmatlarynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow forumyň geçiriljek ýerine baryp, bu ýerde görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow halkara forum üçin döredilen amatly şertler barada giňişleýin maglumat berdi.

Şeýle-de, TDH-nyň habar bermegine görä, hormatly Prezidentimiz bu ýokary derejeli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtap geçdi. 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde degişli Kararnama kabul edildi. Oňa 57 ýurt awtor hökmünde gol çekdi. Forumda dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli wekilleriň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Saparyň dowamynda hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak medeni çäreleriň meýilleşdirilýän ýerlerine hem bardy. Bu çäreleriň dostlukly döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşjakdygy bellenildi. Awazada ýerleşýän döwrebap myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary halkara myhmanlary ýokary derejede kabul etmek üçin taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda daşary ýurtly myhmanlary garşylamak we ýokary derejeli hyzmatlary üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Prezident iş saparyny tamamlandan soň Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden Aşgabat şäherine ugrady. TDH-nyň bellemegine görä, bu iş sapary halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan giň gerimli taýýarlyk işleriniň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.