Ýaşlar — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Iýul 29, 2025 - 09:16
Iýul 29, 2025 - 09:17
Ýaşlar — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ösüşiň özeninde durýandygy ýurt ýolbaşçylarymyzyň durmuşa geçirýän syýasatlarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlaryň bilimli, ruhubelent, döredijilikli hem-de jemgyýetçilik taýdan işjeň nesil bolup ýetişmegi ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň üstünlikli netijesidir.

Şeýle maksat bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap geňeşiniň guramagynda, etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Ýaşlar — ösüşiň hereketlendiriji güýji» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu çärä etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, mekdep okuwçylary, mugallymlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygy açyp çykyş eden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap geňeşiniň başlygy Şöhrat Kadyrow, ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik ösüşindäki ornunyň barha artýandygyny aýratyn nygtady. Ol çykyşynda häzirki wagtda ýaşlara döwlet derejesinde berilýän mümkinçilikleriň giň gerimlidigini, ýaşlaryň ylym-bilim, sport, medeniýet, tehnologik ugurlarda üstünlik gazanmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi.

— Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaş nesillerimiziň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, ýurdumyzy halkara giňişliginde mynasyp wekilçilik edýän şahsyýetler bolup ýetişmegi döwlet ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde garalýar — diýip, Şöhrat Kadyrow belledi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ýakyn günlerde geçiriljek BMG-niň Awaza forumynyň bolsa ýurdumyzyň dünýäde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýandygyny nygtadylar. Bu halkara forumyň diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlyk üçin däl, eýsem, ýaşlaryň hem halkara tejribe alyşmagyna ýol açjak dünýä derejesindäki möhüm çäreleriň biri bolup durýandygy bellenildi.

Çäräniň dowamynda ýaşlaryň arasynda özara pikir alyşmalar boldy, ýaşlara jemgyýetçilikde işjeň bolmak, öz ugry boýunça bilim almak hem-de Watanyň ösüşine goşant goşmak baradaky gymmatly pikirler paýlaşyldy. Şeýle hem çykyş edenler ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Bu duşuşyk, ýaşlaryň Watana wepaly, giň gözýetimli, başarnykly nesil bolup kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şeýle wagyz-nesihat çäreleri ýaşlary ruhlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň jemgyýetçilik ösüşindäki ornuny hem berkidýär.