Dünýäde iň kiçi 1 terabaýtlyk USB-C maglumat göterijisi tanyşdyryldy

Noý 10, 2025 - 09:13
Dünýäde iň kiçi 1 terabaýtlyk USB-C maglumat göterijisi tanyşdyryldy

«SanDisk» kompaniýasy dünýäniň iň kiçi göwrümli 1 TB-lik maglumat göteriji hökmünde häsiýetlendirilýän täze «SanDisk Extreme Fit USB-C Flash Drive» enjamyny çykardy. Täze «SanDisk Extreme Fit USB-C» fleş ýady häzirki wagtda birnäçe ýurtda satylyp başlady — 1 TB göwrümli nusganyň bahasy ABŞ-nyň 120 dollaryna deňdir.

Täze fleş ýadyň ölçegleri 18,50 x 15,70 x 13,60 millimetr, agramy bolsa bary-ýogy 3 grammdyr. Ol noutbuklara ýa-da planşetlere ýeňillik bilen birikdirilýär we portdan çykyp durmaýar. «SanDisk» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu enjam USB-C portuna berk ornaşýar we enjam göterilende ýa-da torbada daşalanda hem ozal ýerleşen ýerinde galýar.

Fleş ýady USB 3.2 Gen 1 interfeýsini goldaýar we 128 GB-dan 1 TB çenli göwrümli modellerde sekuntda 400 MB çenli okamak tizligini berýär. Şeýle-de bolsa, «SanDisk» bu enjamyň ýokary bitreýtde taýýarlanan wideoýazgyny, meselem, «iPhone» smartfonynda 4K çözgütli we sekuntda 120 şekilli «ProRes» görnüşli wideoýazgyny goldamaýandygyny aýdýar. Enjam «Windows 10» we şondan hem ýokary «macOS 12», şeýle hem «iPadOS 15» we ondan-da kämil ulgamlarda işleýär.

Mundan başga-da, «SanDisk» kompaniýasy «Memory Zone» atly «Windows» we «Mac» üçin niýetlenen programma üpjünçiligine goldaw beripdir. Bu programma arkaly ulanyjylar faýllary dolandyrmak, ätiýaçlyk nusgalaryny döretmek we enjamlaryň ýadyndaky boş ýeri arassalamak mümkinçiligine eýelik edýärler. Goşmaça amatlylyk üçin bolsa programma maglumatlaryň awtomatiki ätiýaçlyk nusgasyny döretmegi üpjün edýär.