Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Iýun 1, 2025 - 22:11
 0
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet sapary başlandy

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherindäki «Buýant-Ukhaa» Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanyny Mongoliýanyň resmi wekilleri hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Myhmana milli käsede mongol tagamy — gurt hödür edildi hem-de gül gowşuryldy.

Saparyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitjek ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem saparyň çäklerinde:

Türkmen-mongol işewürler forumy,

Medeni çäreler,

Milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi,

Türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy geçiriler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa amala aşyrýan bu ilkinji döwlet sapary, ýokary derejeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açar diýip, habarda nygtalýar.