Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň başlygy ITF-nyň prezidenti bilen hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň taýýarlanylyşyny ara alyp maslahatlaşdy

Londonda, meşhur «Uimbledon» tennis ýaryşynyň çäginde, Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynyň başlygy, Aziýanyň Tennis federasiýasynyň wise-prezidenti Eziz Döwletow bilen Halkara Tennis Federasiýasynyň (ITF) prezidenti Deýwid Haggertiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy mowzugy — Türkmenistanyň Tennis Federasiýasy bilen Halkara Tennis Federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taýýarlanylmagy boldy. Bu resminama hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we türkmen tennisiniň dünýä jemgyýetçiligine has işjeň goşulmagyna gönükdirilendir.
Ähtnamada tälimçileri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak hem-de daşary ýurtly hünärmenleri türgen taýýarlygyna çekmek ýaly başlangyçlar göz öňünde tutulýar.
Duşuşykda, şeýle hem, 4–15 awgust aralygynda Aşgabatda geçiriljek ITF Level 2 derejesindäki sebit okuw-seminary hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu okuwda 12 türkmen tennis hünärmeni gatnaşar.
Mundan başga-da, duşuşykda türkmen tennisçileriň soňky gazanan üstünlikleri bellenilip geçildi. U12 gyzlar ýygyndysynyň Aziýanyň toparlaýyn çempionatynyň finalyna çykmagy hem-de erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň halkara ýaryşlarynda görkezen ýokary netijeleri aýratyn nygtaldy.