Uzak wagtlap uklamak – ir wagtynda ölümiň ýokarlanýan töwekgelçiligi bilen baglanyşykly
Günortan uklamak köplenç dynç almagyň, bedeni dikeltmegiň peýdaly usuly hasap edilýär. Emma soňky ylmy barlag bu düşünjä sorag döredýär. ABŞ-da ýerleşýän Garward lukmançylyk mekdebiniň alymlary tarapyndan geçirilen giň gerimli gözlegiň netijelerine görä, uzak ýa-da yzygiderli üýtgeýän günortan uky adamyň ir wagtynda ýogalmagynyň howpuny artdyryp bilýär.
Barlagyň netijeleri dünýä belli SLEEP atly ylmy žurnalda çap edildi.
Gözlegiň jikme-jiklikleri:
Bu ylmy işde 86 müňden gowrak meýletinçi gatnaşdy. Olar ortaça 63 ýaşyndady. Her bir gatnaşyjy 7 günläp ýörite aktegrafiýa bileziklerini dakynyp, olaryň uky we hereket ýagdaýy yzarlanyldy. Esasy üns bolsa, ir sagat 9:00 bilen agşam 19:00 aralygyndaky günortan ukylaryna gönükdirildi.
11 ýyl dowam eden gözegçilik döwründe gatnaşyjylaryň 6%-i, ýagny 5189 adam aradan çykdy.
Barlag wagtynda:
-
Günortan ukyň ortaça dowamlylygy – 24 minut.
-
Uky wagtynyň uzak bolmagy (mysal üçin 1 sagat ýa-da ondan kän),
-
Uky wagtlarynyň üýtgäp durmagy, ýagny her gün dürli wagtlarda uklamak,
bu ýagdaýlaryň ählisi – ölüm howpunyň artmagy bilen baglanyşykly diýip tapyldy.
Näme üçin bu ähmiýetli?
Uky saglygyň möhüm bölegi bolsa-da, bu barlag görkezýär:
Gaty köp uklamak ýa-da uky düzgüniniň durnuksyz bolmagy, saglygyňyzda başga problemalaryň bardygyna ýa-da ýüze çykyp biljekdigine alamat bolup biler.
Bu ýagdaýlar aşakdaky keselleriň habarnamasy bolup biler:
-
Depresiýa,
-
Parkinson keseli,
-
Dem ýetmezçiligi (demir ýetmezçilige bagly anemiýa) we beýlekiler.
Barlagyň awtorynyň biri, Çenlu Gao, bu netijeleriň häzirki wagta çenli uky baradaky düşünjelerimize garşy çykýandygyny we bu ugurda has giňişleýin barlaglaryň zerurdygyny belleýär.
Günortan uky sagdyn bolmaly – ýöne ölçeg bilen
Eger siz köplenç günortan uklamak isleseňiz ýa-da uzak wagtlap uklamak endigiňiz bar bolsa, bu ýagdaýy ýönekeý dynç almak diýip kabul etmäň.
Bu, saglygyňyzdaky näsazlygyň alamaty bolup biler.Gün içinde güýçli uky basmagy, durnuksyz uky tertibi ýa-da hemişe ýadawlyk duýmak – lukmana ýüz tutmak üçin ýeterlik sebäpler.
Unutmaň:
Uky – saglygyň açary. Ýöne her bir açar ýaly, ony dogry ulanyp bilmeseňiz, gapyny açmagyň ýerine, ony berkitmäge sebäp bolup biler.
