COVID-19 pandemiýasy beýni üçin zyýanly boldy – hatda keselläp görmedik adamlarda-da
Beýik Britaniýaly alymlaryň geçiren täze gözlegine görä, COVID-19 pandemiýasy beýniniň saglygyna diňe wirusa uçranlarda däl, hatda hiç haçan keselläp görmedik adamlarda-da ýaramaz täsirini ýetiripdir. SARS-CoV-2 wirusynyň kognitiw ukyplara (akyl-paýhas bilen baglanyşykly funksiýalara) hem-de beýniniň umumy ýagdaýyna ýetirýän täsirleri öň hem agzalypdy, ýöne onuň anyk netijeleri häzirki wagtda hem doly öwrenilmedik.

Nottinham uniwersitetiniň we Londondaky Imperial kollejiniň alymlary pandemiýadan öň we soň erkekleriň we aýallaryň beýnisiniň biologiki garama derejesini — beýni ýaşyny — barladylar. Munuň üçin olar Beýik Britaniýanyň UK Biobank maglumatlar binýadyna esaslandylar we gatnaşan adamlaryň beýnisiniň MRI (magnit-rezonans tomografiýa) skanirleme maglumatlaryny seljeripdirler.
Gözleg nädip geçirildi?
Gatnaşyjylar iki esasy topara bölündi:
-
1-nji topar: 45–82 ýaş aralygyndaky 564 adam (olaryň 53%-i aýal), olaryň beýni MRI-leri 2020-nji ýylyň mart aýyndan öň alnypdy.
-
2-nji topar: 47–79 ýaş aralygyndaky 432 adam, olaryň MRI maglumatlary pandemiýadan öň we pandemiýa döwründe alyndy. Bu topar hem öz içinde iki bölege bölündi:
-
COVID-19 bilen kesellänler — 134 adam (olaryň 58%-i aýal)
-
Kesellemändigi aýdylanlar (No Covid-19) — 298 adam (60%-i aýal)
-
Gözlegde hiç bir gatnaşyjyda hroniki keseller bolmandyr.
Netijeler näme görkezdi?
-
Pandemiýa döwründe MRI skanirlemesi geçirilen adamlar bilen pandemiýadan öňki adamlaryň arasynda deňeşdirme geçirildi.
-
Netijede, pandemiýa döwründe skan edilen adamlaryň beýni biologiki taýdan ortaça ýarym ýyl garraşyk görkezdi.
-
Muny ölçemek üçin beýni gatlagynyň galyňlygy, ak we çal maddanyň möçberi, olaryň ýagdaýyndaky patologiýalar ýaly görkeziji ölçegler ulanyldy.
Has gyzyklysy, wirusa uçramadyk adamlarda kognitiw ukyplarda üýtgeşme bolmasa-da, keselläp geçenlerde pikir çeýeligi we maglumatlary gaýtadan işlemek tizligi pesräk bolupdyr.
Sebäbi näme bolup biler?
Alymlar bu üýtgeşmeleri diňe biologiki faktorlar bilen däl, eýsem jemgyýetçilik faktorlar — stres, ýapylma döwründe izolýasiýa, işden ýa-da girdejiden mahrum bolmak ýaly sebäpler bilen düşündirýärler.
Şeýle-de bolsa, “kesellemändik” diýilen toparyň agzalarynyň käbirinde wirus bessymptom geçip ýa-da ýeňil görnüşde ýüze çykyp, anyklanmadyk bolmagy ähtimal. Muny alymlar hem aýratyn belleýärler.
Bu dünýäde ilkinji gezek geçirilen şeýle möçberli ylmy iş bolup, ol pandemiýanyň diňe wirus taýdan däl-de, eýsem jemgyýetçilik basyşlary arkaly hem beýni garradyp bilýändigini görkezýär. Alymlar bu ugurdan halkara derejesinde giňişleýin gözlegleriň zerurdygyny nygtaýarlar.