Windows 10 we 11 ulgamlarynda VPN arkaly howply howpsuzlyk boşlugy ýüze çykaryldy

Positive Technologies kompaniýasynyň hünärmenleri Windows 10, Windows 11, şeýle hem beýleki birnäçe Microsoft önümlerinde howply howpsuzlyk boşlugyny anykladylar. Bu barada TASS habar berýär.

Iýul 25, 2025 - 10:49
Iýul 25, 2025 - 18:48
Windows 10 we 11 ulgamlarynda VPN arkaly howply howpsuzlyk boşlugy ýüze çykaryldy
AlexPhotoStock/Shutterstock/FOTODOM

Näme boldy?

Uly howpsuzlyk boşlugy Remote Access Connection Manager atly komponentde tapyldy. Bu komponent Windows ulgamlarynda VPN birikmeleri döretmäge jogapkärdir.
Boşluk, ulgamyň ygtyýarlyklary nädogry dolandyrmagy sebäpli peýda bolupdyr. Netijede, ýerli hüjüm eden kiber jenaýatçy sistemdäki ygtyýarlyk derejesini ýokarlandyryp, administratoryň hukuklaryna eýe bolup bilýärdi.

Bu näderejede howply?

Hünärmenleriň bellemegine görä, üstünlikli hüjümden soň hüjümçi:

  • islendik programmalary işledip bilýärdi;

  • zyýanly programma üpjünçiligini gurnap bilýärdi;

  • kompýuteriň doly gözegçiligini ele alyp bilýärdi.

Bu boşluk esasan korporatiw ulanyjylar üçin howpludyr — mysal üçin, terminal serwerine ýa-da adaty işgärleriň iş kompýuterlerine girilse, uly zyýan ýetip biler.

Haýsy windows wersiýalary täsir ýetirdi?

  • Windows 10

  • Windows 11

  • Windows Server 2022

  • Windows Server 2025

Penetrasiýa synaglarynyň uly hünärmeni Sergeý Bliznýuk bu komponentiň Windows ulgamlarynyň ählisinde deslapdan işjeň ýagdaýda gelýändigini belledi.

Ulanyjylar näme etmeli?

Microsoft bu howpsuzlyk boşlugyny eýýäm düzetdi. Düzedişler iň soňky howpsuzlyk täzelenmeleriniň düzüminde bar.

Hünärmenleriň maslahatlary:

  • Windows Ulgamyň Täzelenmeleri Merkezi (Windows Update) arkaly täzelenmeleri gyssagly gurnamak;

  • Täzelenme gurnamak mümkin däl ýagdaýlarynda — Remote Access Connection Manager hyzmatyny wagtlaýyn el bilen öçürmek.

Hatda ýerli VPN arkaly amala aşyrylýan hüjümler hem sistemasynyň doly ele alynmagyna sebäp bolup biler.
Siz ulgamy yzygiderli täzeläp durmasaňyz, şeýle howpsuzlyk töwekgelçilikleri düýpli howp döredip biler.