Lukman öýken ragynyň iň köp duş gelýän howp toparyndaky adamyň keşbini gürrüň berdi
Öýken ragy köplenç ýagdaýda 55 ýaşdan geçen erkek çilimkeşlerde ýüze çykýar — esasan hem, eger olar her gün bir bukjadan kän çilim çekip, muny 20 ýyldan gowrak dowam etdiren bolsalar. Bu barada Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň şöhle we gurallar arkaly anyklaýyş boýunça baş hünärmeni Igor Týurin «Gazeta.Ru» neşirine beren gürrüňinde aýtdy.

Kimler howp toparynda?
Lukmanyň bellemegine görä, öýken ragy bilen kesellemek howpy takyk kesgitlenýär.
«Öýken ragy bilen keselleýänleriň iň uly bölegi — bu köp ýyllap intensiw çilim çekýän adamlar. Meselem, günde bir bukjadan kän çilim çekip, muny 20 ýyl we ondanam köp dowam etdirenler. Bu köplenç ýagdaýda 50–55 ýaşdan uly erkek adamlar bolýar. Öýken ragy "ýöne ýerden" döränok — kesellänleriň 80%-e golaýy hut şu kategoriýadaky adamlardyr», — diýip Týurin nygtady.
Irki anyklaýyş — jan halas ediji mümkinçilik
Keseli wagtynda ýüze çykarmak üçin ýörite skrining synaglary ulanylýar. Russiýada bu maksat üçin iň elýeterli usullaryň biri — dispanserizasiýa (profilaktiki barlag) hasaplanýar.
Lukman şu aşakdaky ýagdaýlara üns berýär:
-
çilimkeşlik ýaly zyýanly endikleriň barlygy,
-
maşgala taryhynda rak keselleriniň barlygy,
-
adamyň ýaşy we umumy ýagdaýy.
«Eger ýakyn garyndaşlaryňyzda onkologik keseller bolup, siz hem köne çilimkeş bolsaňyz, onda häzirki dispanserizasiýa düzgünleri esasynda adaty rentgen ýerine az dozaly KT (kompýuter tomografiýasyny) geçirmek mümkin», — diýip Týurin düşündirdi.
Öýken ragy — irki döwürde anyklamagy kyn bolan, ölüm howpy ýokary onkologik keselleriň biridir. Ýöne wagtly-wagty bilen lukmana görünmek we barlaglardan geçmek bu howpy ep-esli peseldip biler.
Öýken ragynyň öňüni almagyň esasy ýoly — çilimden ýüz öwürmek we yzygiderli dispanserizasiýadan geçmekdir.