Ýaponiýada oňurga süňkleriniň döwülmelerini bejermek üçin öýjükler ösdürilip ýetişdirildi
BJR: ýag dokumasyndan alnan gözenek öýjükleri oňurga döwülmelerini bejermäge kömek edýär
Osaka şäher uniwersitetiniň alymlary osteoporoz sebäpli ýüze çykýan oňurga döwülmelerini bejermek üçin täze usul işläp düzdi. Alymlar ýag dokumasyndan alnyp çykarylan gözenek öýjüklerini (stwowaly öýjükleri) ulanyp, süňk dokumasynyň ösmegini laboratoriýa şertlerinde, adamlaryňky bilen meňzeş şikesi bolan syçanlarda işjeňleşdirdiler. Barlagyň netijeleri Bone and Joint Research (BJR) atly ylmy žurnalda çap edildi.
Osteoporoz — süňkleriň gowşamagyna we döwülmäge ýykgyn etmegine sebäp bolýan kesel bolup, esasanam oňurgada döwülmeler döretmäge meyillidir. Ýapan alymlarynyň çaklamalaryna görä, ýakyn ýyllarda ýurtda bu keselden ejir çekýänleriň sany 15 milliondan geçer.
Barlagda alymlar ýag dokumasyndan alnan stwowaly öýjükleri ulanypdylar. Bu öýjükleri almak aňsat we hatda garry adamlardan hem zyýansyz görnüşde alnyp bilner. Alymlar bu öýjükleri üç ölçegli sferoid görnüşine getirip, olary süňk öýjüklerine öwrülmäge ugrukdyrdylar. Soňra bu öýjükler β-trikalsiýfosfat (β-TCP) atly material bilen birleşdirildi — bu material süňk dokumasynyň dikeldilmeginde giňden ulanylýar.
Bu kombinasiýa osteoporoz sebäpli oňurga döwülmesi bolan syçanlara transplantasiýa edilenden soň, olaryň süňkleriniň berkliginde ep-esli gowulaşma we süňkleriň dikeldilmegine jogapkär genleriň işjeňleşmegi ýüze çykaryldy.
«Biziň gözlegimiz şeýle öýjükleriň oňurga döwülmelerini bejermekde ulanylyp bilinjekdigini görkezdi. Öýjükler ýag dokumasyndan alynýandygy üçin bedene düşýän agram minimal derejede bolýar we usul näsag üçin howpsuzdyr» diýip, gözlegiň awtory Ýuta Sawada belläp geçdi.
Doktor Şinji Takahasynyň sözlerine görä, bu usul ýönekeý, täsirli we hatda iň çylşyrymly döwülmeleriň hem tiz bejerilmegine ýardam edip biler. Şeýlelikde, bu täze bejeriş usuly garry adamlaryň işjeň durmuş döwrüni uzaltmagyň täze mümkinçiliklerini açýar.
