Ynsan bedeniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürýän akylly mata döredildi
Häzirki zaman ylmy-barlaglary tehnologiýanyň geljegini düýpli üýtgetmäge dowam edýär. Şolaryň hatarynda iň täsin we peýdaly açyşlaryň biri hökmünde Hytaýly alymlaryň adam bedeniň ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürip bilýän täze görnüşli akylly matany döretmegi hasap edilýär.

Bu täsin materyal «termoelektrik rezina» diýlip atlandyrylýar. Ol ýokary tehnologiýaly we ownuk gurluşlydyr we polimer ýarymgeçirijiler bilen elastik rezinanyň birleşmesinden emele gelýär. Bu aýratyn gurluş materiala ýumşaklyk hem-de giňelip bilmek ukybyny berýär, şonuň bilen bir hatarda adam bedeniniň ýylylygyny täsirli elektrik energiýasyna öwürmek mümkinçiliklerini döredýär.
Alymlar bu matany geljekde «akylly geýimleriň» esasy bölegi hökmünde ulanmagy maksat edinýärler. Mysal üçin, bu materialdan taýýarlanan geýimler telefonlaryňyzyň batareýasynyň tölegini üpjün edip biler, ýagny sowadyjy ýa-da gyzdyryjy enjamlar bolmazdan, gündelik hereketlerimizde bedenimiziň döredýän ýylylygyny elektrik energiýasyna öwürip, ony zerur enjamlarymyz üçin güýje öwürmek mümkin bolar. Şeýle-de, bu tehnologiýa bedeniň temperaturasyndan ugur alyp, oňa laýyk howa şertlerini döredip biler, şeýlelikde geýijiniň howpsuzlygyny we rahatlygyny artdyrar.
Bu materialyň ulanylyşy diňe geýim bilen çäklenmän, lukmançylyk we saglygy goraýyş pudagynda hem uly mümkinçilikleri açýar. Mysal üçin, dürli medisina enjamlaryny, ýagny beden temperatura, basyş, dürli gazyň derejesi we beýleki möhüm görkezijileri yzygiderli gözegçilikde saklaýan sensorlary batareýasyz, daşarky energiýa gerek etmezden işleýän görnüşde taýýarlamak mümkin bolar. Şeýle sensorlar has amatly we uzak möhletleýin monitoring üçin niýetlenendir.
Şeýle hem, inženerler ýüz üçin niýetlenen «akylly maskalary» hem döretmegi teklip edýärler. Bu maskalar bedeniň temperaturasy hem-de dem alyş tizligini yzygiderli ölçäp biler. Bu maglumatlar esasynda, ulanyjylarda wirus ýokanjynyň, öýken keselleriniň, hat-da rak keselleriniň öňünden duýdurylmagy mümkin bolar. Şeýle howpsuzlyk çäreleri jemgyýetiň saglygyny goraýşa uly goşant goşar.
2024-nji ýylda Hytaýda ýene bir gyzykly täzelik habar berildi: alymlar daşarky gurşawyň ýagdaýyna görä reňkini üýtgedip bilýän material döretdiler. Bu tehnologiýanyň geljegi uly bolup, geljekde adamyň görünmezligini üpjün edýän enjamlarda hem ulanylmagy mümkin.
Umuman, «termoelektrik rezina» ýaly akylly we çylşyrymly tehnologiýalar ynsan durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyryp, täze mümkinçilikleriň döremegine esas bolar. Bu ylmy işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, geljekde energiýa tygşytlylygy, saglyk we amatlyk ugrunda uly sepgitleriň gazanylmagyna garaşylýar.