Ýurdumyzda oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen EKSPO halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär
Ýurdumyzda oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen EKSPO halkara sergisini geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda çykaran Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024–2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça degişli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şol Konsepsiýanyň çäklerinde Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2023–2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bellenen tertipde ýerine ýetirilýär.
Geljek ýyllarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy boýunça ýöriteleşdirilen EKSPO halkara sergisini Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlykda geçirmek mümkinçilikleri öwrenilýär. Şeýle hem bu ugurda deslapky taýýarlyk işlerini geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, sergini Türkmenistanda geçirmek üçin ýörite gazna döretmek, iri halkara kompaniýalar bilen degişli gepleşikleri geçirmek boýunça çäreler hödürlenýär.
Ýurdumyzyň halkara sergi işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä derejesindäki ýöriteleşdirilen sergilere ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen degişli resminamalaryň taslamalary taýýarlanyldy. Bu ugurda taýýarlanan teklipleriň hatarynda:
-
2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabry aralygynda Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde geçiriljek ekologiýa we tebigaty goramak meselesine bagyşlanan «Green EKSPO — 2027»,
-
2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgusty aralygynda Serbiýanyň Belgrad şäherinde «Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergileri bar.
Mundan başga-da, türkmen hünärmenleriniň sergi-ýarmarka işi boýunça halkara tejribelerini artdyrmak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin 2025–2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak teklip edilýär.
Bu mesele barada 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan hasabat berildi.