Çempionlar Ligasynda uly duşuşyklar öňde!
Çempionlar Ligasynda uly duşuşyklar öňde!

Ýewropa futbolynyň iň möhüm bäsleşigi bolan UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym final seneleri belli boldy. Futbol janköýerleri üçin uly garaşylan bu duşuşyklar, Ýewropanyň iň güýçli klublarynyň arasyndaky möhüm göreşlere şowly başlangyç bolar.
30-njy aprelde sagat 00:00-da Londonyň "Emirates" stadionynda ýerli topar Arsenal, fransuz kluby Paris Saint-Germain bilen güýç synanyşar. Iki topar hem häzirki möwsümde ýokary formada bolup, güýçli hüjüm emelleri bilen tanalýar. Arsenal soňky döwürde Premýer Ligada üstünlikli çykyş edip, güýçli taktiki gurluşyny görkezýär. PSG hem düzümindäki ýaş we tejribeli oýunçylaryň sazlaşygy bilen ýokary netijeleri gazanmagyň ugrunda.
1-nji maýda sagat 00:00-da bolsa futbol janköýerlerine başga bir uly duşuşyk garaşýar. Ispaniýanyň futbol äleminiň beýik wekili Barcelona, Italiýanyň güýçli kluby Inter Milan bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu duşuşyk hem taktiki göreşiň nusgasyny görkezjek. Barcelona Lewandowski bilen hüjümde howp döredýän bolsa, Inter topary Lautaro Martínez bilen garşy hüjümlerde tapawutlanjaga meňzeýä.
Bu duşuşyklar diňe bir futbol göreşi bolman, eýsem strategiýa, taktika we güýç synanyşygynyň ýokary derejesindäki ýaryşlar bolar. Ýeňiş gazanan toparlar Çempionlar Ligasynda finala çykmaga mümkinçilik alarlar.