2025-nji ýylyň iň gysga güni belli boldy: Ýer şary öz öwrümini has çaltlaşdyrýar
2025-nji ýylyň 10-njy iýuly Ýeriň has çalt öwrülmegi netijesinde ýylyň iň gysga güni hökmünde taryha girdi. Şol gün ýer şary öz öwrümini adaty 24 sagatdan 1,36 millisekunt çalt tamamlady. Bu barada Space.com ylmy portaly halkara gözegçilik gulluklarynyň atom sagatlarynyň kömegi bilen ýeriň aýlanma tizligini yzygiderli ölçäp durýan maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Ýerde näme bolýar?
Adatça bir gije-gündiz 86 400 sekunda deňdir. Ýöne soňky ýyllarda alymlar bu norma bolan örän kiçijik, mikroskopik üýtgeşmeleri ýygy-ýygydan belläp başladylar. Mysal üçin, 2025-nji ýylyň 5-nji iýulynda ýer şary öwrümini 1,25 millisekunt çalt tamamlady. 22-nji iýulda hem şoňa meňzeş ýagdaý — 1,34 millisekuntlyk gysgama garaşylýar.
Gelmiş-geçmiş rekord bolsa 2024-nji ýylyň 5-nji iýulynda hasaba alyndy: şol gün ýer şary öz öwrümini 1,66 millisekunt çalt tamamlan boldy. Şeýle ölçegler diňe 1973-nji ýyldan bäri, ýagny örän takyk atom sagatlarynyň ulanylyşyna başlanandan soň mümkin boldy.
Munuň manysy näme?
Gije-gündiziň müňden bir bölegi ýaly gysgalmagy gündelik durmuşymyzda duýulmaýar we aýratyn täsir etmän dur. Ýöne alymlar bu üýtgeşmelere aýratyn üns berýärler, sebäbi bu ýagdaýlaryň Ýeriň içki gurluşynda bolup geçýän çylşyrymly fiziki-geofiziki prosesler bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal.
“Bu tizlenmäniň anyk sebäbi entek doly düşnükli däl” diýip, Moskwanyň Döwlet Uniwersitetiniň Ýeriň aýlanmasy boýunça baş hünärmeni Leonid Zotov belleýär.
Onuň pikiriçe, muňa Ýeriň içinde massalaryň täzeden paýlanmagy, tektoniki hereketler, ýa-da ýadrodaky üýtgeşmeler sebäp bolup biler. Şeýle hem ol, geljekde Ýeriň aýlanma tizliginiň ýene-de haçan bolsa bir haýallap biljekdigini, sebäbi bu tizligiň durnukly däldigini we birnäçe içki- daşarky faktorlara baglydygyny nygtady.
Bu ýagdaý wagtyň hasabyna täsir edermi?
Häzirki wagtda şeýle ownuk üýtgeşmeler wagtyň hasaplaýyş ulgamlaryna täsir etmeýär. Ýöne gelejekde bu ýagdaý dowam etse, dünýäde giňden ulanylýan UTC (Bütindünýä utgaşykly wagt) sistemasynyň üýtgedilmegi gerek bolup biler. Şonuň üçin alymlar wagtlaýyn ölçegleri sazlamak üçin wagtyň dowamynda şeýle adaty däl ýagdaýlara görä “sekunt goşmalar” girizýärler ýa-da çykaryýarlar.
Netijede, bu millisekuntlaýyn üýtgeşmeler gündelik durmuşymyza täsir etmeýän hem bolsa, olar Ýer ýüzüniň tebigy ýagdaýlaryny we içki gurluşyndaky dinamikany has gowy düşünmek üçin ylmy taýdan örän möhüm alamatlardyr.