Ilon Maskyň Grokipedia atly täze taslamasy — Wikipediýanyň alternatiwasy — ýakyn wagtda peýda bolar

Ilon Mask ýakyn wagtda Grokipedia atly täze taslamanyň çykjakdygyny yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu taslama «Wikipediýadan» has gowy bolar.

Okt 7, 2025 - 08:23
Okt 7, 2025 - 17:40
Ilon Maskyň Grokipedia atly täze taslamasy — Wikipediýanyň alternatiwasy — ýakyn wagtda peýda bolar

Sosial ulgam X-de Mask Grokipediýanyň iki hepdäniň dowamynda işe giriziljekdigini ýazdy. Telekeçiniň bellemegine görä, bu täze taslama — senzura we çäklendirmeler bolmazdan, «Wikipediýa» üçin bir garşydaş bolar.

Grokipediýanyň döredilmegi bilen Maskyň xAI kompaniýasy meşgullanýar. Bu hyzmatyň özeninde bolsa, emeli intellekt esasynda işlenilen Grok atly chatbot model ýerleşer.

Maskyň öňe sürmegine görä, çylşyrymly pikirlenme algoritmleri arkaly Grok haýsy maglumatlaryň doly dogrudygyny, haýsysynyň bölekleýin dogrudygyny we haýsysynyň ýalanlygyny aňlap biler.