Allergiýa nädip öýken rakynyň howpuny peseldip biler?
Allergiki rinit we ekzema öýken ragynyň döreme howpuny peseldip biler. ABŞ-nyň alymlary tarapyndan geçirilen giň gerimli barlagda şeýle netijä gelindi. Barlagyň netijeleri Frontiers in Medicine žurnalynda çap edildi.

Alymlar öň neşir edilen 10 sany ylmy işi seljerip, umumylykda 3,8 milliondan gowrak adamyň maglumatlaryny derňediler. Maksat – dürli görnüşli allergiki reaksiýalaryň öýken ragynyň döreme howpyna nähili täsir edýändigini öwrenmekdi. Barlagdan öňden bäri öýken ragy bilen baglanyşyklydygy subut edilen bronhial demgysma (astma) çykaryldy, sebäbi onuň barlag netijelerini gyşarmak ähtimallygy bardy.
Netijede, allergiki riniti bolan adamlarda öýken ragynyň ýüze çykma ähtimallygynyň 26% azalýandygy anyklandy. Has gyzykly maglumatlar jyns boýunça tapawutlylykda ýüze çykdy: erkek adamlarda ekzema – deri ýokançlygynyň dowamly görnüşi – garaşylmadyk ýagdaýda goragly faktor hökmünde ýüze çykdy. Aýallarda bolsa umumy alergiki meýillilik öýken ragynyň döreme howpuny peseltmek bilen baglanyşykly boldy, emma rinitiň aýratyn ýagdaýda ähmiýetli täsir edendigi statistiki taýdan subut edilmedi.
Gorag täsiriniň mümkin sebäpleri
Alymlaryň pikirine görä, beýle täsir immun ulgamynyň güýçli işjeňligi bilen düşündirilýär. Allergiýa wagty organizmde E görnüşli immunoglobulinler (IgE) diýilýän aýratyn antikorlar işjeň öndürilýär. Olar adatça allergenlere garşy göreşýärler, emma soňky barlaglar olaryň irki tapgyrdaky rak öýjüklerini ýok etmekde hem möhüm rol oýnap bilýändigini görkezýär.
Şeýle-de bolsa, alternatiw teoriýa hem bar: dowamly immun duýduryşy ters täsir edip, öýjüklerde mutasiýalaryň döremegine we rak keseliniň ösmegine getirip biler. Şonuň üçin barlagyň awtorlary bu hadysanyň patofiziologiýasyny has giňişleýin öwrenmegiň zerurdygyny belleýärler. Bu bilim geljekde öýken ragynyň öňüni almakda we howp derejesini dogry bahalandyrmakda peýdaly bolup biler.