30,5 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na satyldy

Iýul 28, 2025 - 12:54
30,5 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­na satyldy

Ýakynda «Sotheby’s» auksionynda 30,5 million amerikan dollaryndan seratozawryň skeleti satyldy. Bu barada «The New York Times» neşiri habar berýär.

Seratozawr — 150 million ýyl mundan ozal, häzirki Demirgazyk Amerikanyň çäklerinde ýaşan iki aýakly ýyrtyjy dinozawr. Ony beýleki dinozawrlardan dişleriniň aýratynlygy tapawutlandyrýar. Onuň şu wagta çenli tapylan iň uly skeletiniň boýy 7 metre ýetýär. Paleontologlar onuň agramynyň 1 tonna golaýdygyny çaklaýarlar.

Auksionda satylan skelet arheologlar tarapyndan 1966-njy ýylda ABŞ-nyň Wyoming ştatyndan tapylypdyr. Onuň uzynlygy 3,1 metr, boýy bolsa 1,8 metrdir. Ilki bilen bu tapyndy Ýuta ştatynyň muzeýine berilip, 2024-nji ýyla çenli şol ýerde saklanypdyr. Geçen ýyl bolsa muzeý tapyndysy «Sotheby’s» auksionyna geçirildi.

Auksionda gadymy skeleti satyp, 4 — 6 million amerikan dollary aralygynda girdeji gazanmak meýilleşdirilipdi.