ABŞ-da­ il­kin­ji­ dü­ka­ny­ny ­aç­dy

Iýul 28, 2025 - 12:58
ABŞ-da­ il­kin­ji­ dü­ka­ny­ny ­aç­dy

Sport egin-eşiklerini we aýakgaplaryny öndürýän Hytaýyň «Anta» kompaniýasy şu ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Beverli Hills şäherinde dükanyny açar. Bu ädim brendiň Amerikan bazaryndaky ornunyň pugtalanylmagyna kömek eder diýip, ýerli neşirler bellenilýär.

Kompaniýa diňe Amerika däl-de, eýsem beýleki sebitlede hem gerimini giňeldýär. Iýun aýynyň başynda «Anta» Germaniýanyň egin-eşik öndürijisi «Jack Wolfskin» kompaniýasyny 290 million amerikan dollaryna satyn alyp, öz düzümine goşdy.

Nemes kompaniýasyny satyn almak bilen «Anta» syýahatçylar üçin niýetlenen egin-eşikleriň önümçiliginde hem dünýäde öňdebaryjylaryň hataryna goşulmak isleýär. Bu ugurda onuň esasy bäsdeşleri — «The North Face», «Patagonia», «Arc’teryx», «Columbia Sportswear», «Marmot» we «Salomon» brendleridir.

«Anta» kompaniýasy özüniň hereket edýän pudagynda girdeji gazanmakda «Nike» we «Adidas» brendlerinden soň dünýäde üçünji orny eýeleýär. Soňky ýylda «Anta» takmynan 9,74 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy.