Windows 11-de internetsiz işleýän emeli aň kömekçisi peýda bolar

Microsoft ulanyjylaryň pikirlerini ýygnamagy dowam etdirýär we Mu modeli bilen işi kämilleşdirýär. Geljekde bu model, bulut hyzmatlaryna mätäç bolmazdan, Windows ulgamyny dolandyrmak üçin esasy emeli aň guraly bolup biler.

Iýun 26, 2025 - 17:55
Windows 11-de internetsiz işleýän emeli aň kömekçisi peýda bolar

Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täze lokal emeli aň modeli Mu-i tanyşdyrdy. Onuň esasy aýratynlygy — internet baglanyşygy bolmazdan işlemegi. Täze model häzirki wagtda Windows Insider programmasynyň Dev kanalyndaky agzalar üçin elýeterli we geljekde Copilot+ PC enjamlarynda peýda bolar.

Mu näme?
Mu — Qualcomm Hexagon ýaly neýroprosessorlar (NPU) üçin ýörite işlenip taýýarlanan 330 million parametrli dil modeli. Ol:

  • Sekuntda 100-den gowrak tokeni işleýär;

  • Soraglara 500 millisekunddan az gijä galma bilen jogap berýär;

  • Dekodlamak üçin meňzeş çözgütlerden 4,7 esse az wagt sarp edýär;

  • Kod döretmekde 93,4% takyklyk görkezýär — Phi-3.5-mini derejesinde ýakyn, ýöne on esse kiçi.

Modeliň aýratynlyklary:

  • Arhitekturasy: giriş maglumatlaryny bir gezek kodlaýan encoder-decoder;

  • Teknologiýalary: Dual LayerNorm, RoPE, grouped-query attention;

  • Optimallaşdyrma: NPU-da tiz we tygşytly işleýär, CPU we GPU ýüküni azaldýar;

  • Öwreniş: Windows 11 sazlamalary üçin ýöriteleşdirilen 3,6 million mysalda okuw.

Windows 11-de nädip işleýär?
Mu sazlamalar dolandyryş ulgamyna integrirlenen, ulanyjy ene dilinde (meselem, "Ekrany ýakymly ýagty et") görkezme berip bilýär, we sistema derrew hereket edýär. Eger sorag umumy bolsa, Windows ulgamy boýunça gözleg hödürleýär, anyk bolsa, netijeni berýär.

Näme üçin möhüm?

  • Internet gerek däl, ähli işler ýerli ýerine ýetirilýär;

  • Tiz we takyk işleýär;

  • Maglumatlaryň howpsuzlygy we gizlinligi üpjün edilýär;

  • Çäkli mümkinçiligi bolan kiçi enjamlar üçin-de goldaw bar.