Adamyň bedenine genetiki taýdan üýtgedilen doňuz bagrynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky ilkinji hasabat hödürlendi

Journal of Hepatology žurnaly: Doňuz bagry adam bedeninde işläp bilýär

Okt 9, 2025 - 19:06
Adamyň bedenine genetiki taýdan üýtgedilen doňuz bagrynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky ilkinji hasabat hödürlendi

Halkara alymlar topary dünýäde ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuzyň bagrynyň adama üstünlikli geçirilendigi baradaky hasabaty hödürledi. Näbelli bir hassanyň operasiýadan soň 171 gün ýaşamagy, genetiki taýdan üýtgedilen doňuz agzalarynyň adam bedeninde möhüm funksiýalary ýerine ýetirip bilýändigini subut etdi. Bu ylmy iş Journal of Hepatology žurnalynda çap edildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, her ýyl müňlerçe adam donorlaryň ýetmezçiligi sebäpli transplantasiýa garaşyp ölýär. Meselem, Hytaýda her ýyl ýüz müňlerçe bagyr ýetmezçiligi ýagdaýy hasaba alynýar, ýöne 2022-nji ýylda diňe takmynan alty müň adam bagyr transplantasiýasyny alyp bilipdir. Täze geçirilen operasiýa bu meselä çözgüt bolmaga ýardam berip biler.

Hassa — 71 ýaşyndaky erkek adam bolup, onuň bagry B-hepatit wirusyndan ýüze çykan sirroz we gepotosellýulýar rak bilen zeperlenipdir. Agramly ýagdaýy sebäpli, oňa ne howply döremäni aýyrmak, ne-de adam bagrynyň transplantasiýasy mümkin bolupdyr. Lukmanlar oňa genetiki taýdan üýtgedilen we Diannan tohumyndan bolan miniatur doňuzyň bagryndan alynan kömekçi bagyr bölegini implantasiýa edipdirler.

Bu donor bagrynda 10 sany genetiki üýtgeşme geçirilipdir: başga dokumalara garşy reaksiýalara sebäp bolýan käbir genler öçürilipdir, şonuň ýaly-da adam immun we gan goýalmak ulgamlaryny düzgünleşdirýän adam genleri goşulypdyr.

Operasiýadan soňky ilkinji aýda transplantedilen bagyr durnukly işläpdir: öti öndüripdir we gan goýalmagy üpjün edýän faktorlary sintezläpdir. Bedeniň transplanta garşy kesgin garşylyk görkezmegine (giperakut ýa-da agyr ret) degişli alamatlar ýüze çykmandyr.

Emma operasiýadan soňky 38-nji günde «trombotiki mikroangiopatiýa» diýen agyrlaşma ýüze çykypdyr — bu ýagdaý genetik taýdan başga bir görnüşdäki agzanyň (ksenotransplantasiýa) ulanylmagynda ýüze çykýan damar endoteliniň zeperlenmegi we immun ulgamynyň aktiwleşmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýdan soň transplantedilen bagyr aýrylyp, hassanyň ýagdaýyny durnuklaşdyrmak üçin ekulizumab derman serişdesi we plazmaferez usuly ulanylypdyr. Hossasy wagtlaýyn gowulaşsa-da, birnäçe aýdan soň gaýtadan içege-gygyrak gan akmalary ýüze çykyp, hassa 171-nji günde aradan çykypdyr.

Aňhoý lukmançylyk uniwersitetiniň birinji degişli hassahanasynyň başlygy doktor Baýçeng Sun şeýle belläp geçdi:

«Bu ýagdaý genetiki taýdan üýtgedilen doňuz bagrynyň adamyň bagrynyň funksiýalaryny uzak wagtlap ýerine ýetirip bilýändigini subut etdi. Bu ägirt uly öňegidişlikdir. Şeýle-de bolsa, bu usulyň mümkinçiliklerini görkezýän ýaly, çözülmeli meseleleriň hem bardygyny — ilkinji nobatda gan goýalma bozulmalary we immun ulgam bilen baglanyşykly kynçylyklary — görkezýär».