Alymlar prostata bejergisiz rak öýjükleriniň genlerini “öçürmegiň” ýoluny tapdylar
Nature: CBPD-409 derman serişdesi prostata rak keseliniň genetiki mehanizmlerini bloklaýar.
Miçigan uniwersitetiniň alymlary prostata rak keseliniň ösmegini onuň genetiki mehanizmlerini togtatmak arkaly saklap bilýän täze derman serişdesini işläp düzdi. Ylmy işiň netijeleri Nature Genetics žurnalynda çap edildi.
Barlagyň görkezişi ýaly, prostata rak keseliniň ýaramaz öýjükleri “enhansler” diýlip atlandyrylýan DNK-nyň aýratyn böleklerine baglydyr. Bu bölekler öýjükleriň ösmegini “açýan” ýa-da “ýapýan” geçiriş switçleri ýaly hereket edýär. Alymlar şol enhanslerleriň esasy himiki nyşanyny — H2BNTac asetillenişini, şeýle hem ony işjeňleşdirýän p300 we CBP fermentlerini ýüze çykardylar.
Şu açyşdan ugur alyp, ylmy topar CBPD-409 atly derman serişdesini döretdi. Bu serişde p300 we CBP fermentlerini selektiv ýagdaýda ýok edýär. Olaryň işjeňligini ýok etmek arkaly H2BNTac nyşany hem aradan aýrylýar, netijede prostata rak keseliniň ösmeginde möhüm rol oýnaýan androgen reseptorlarynyň işjeňligi peselýär.
Öýjük medeniýetlerinde we haýwanlar üstünde geçirilen synaglarda bu derman bejergä garşy durnukly prostata rak keseliniň ösmegini togtadyp, öýjükleriň yzyna çekilmegini (regressiýasyny) emele getirdi. Şeýle-de, derman serişdesiniň ähmiýetli ýaramaz täsirleri (ýan täsirleri) ýüze çykmady.
Alymlaryň bellemegine görä, bu usul rak keselini emele getirýän beloklary nokatly derejede dargadýan täze görnüşli bejergä ýol açýar. Işläp düzülen çemeleşme geljekde iň agressiw we dermanlara garşy durnukly rak görnüşleriniň bejergisinde ulanylyp bilner.
