Hytaý ýokary tizlikli hemra aragatnaşyk tehnologiýasyny synagdan geçirýär
Okt 24, 2025 - 08:15
Agramly “Çançžen-5” (“Uly ýöriş-5”) raketa göteriji penşenbe güni aragatnaşyk tehnologiýalarynyň №20 synag hemrasyny orbitada uçurdy.
Report neşiriniň ýazmagyna görä, bu barada People’s Daily gazeti habar berdi.
Raketa Hainan adasynda ýerleşýän Wençang kosmodromyndan uçuryldy. Hemra bellenen orbitasyna üstünlikli çykdy.
Synag enjamy köp zolakly ýokary tizlikli hemra aragatnaşyk tehnologiýasyny görkezmek üçin niýetlenendir.
