Russiýada “ ähli wiruslara garşy” derman  döredildi

Noý 7, 2025 - 10:09
Noý 7, 2025 - 10:09
Russiýada “ ähli wiruslara garşy” derman  döredildi

Russiýanyň farmasewtik kompaniýasy «Promomed» ähli wiruslara garşy täsir edýän «Esperawir» atly derman serişdesi  (tabletka) görnüşinde işläp çykardy. Bu barada kompaniýanyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Pýotr Belý we täze önümler boýunça direktor Kira Zaslawskaýa Sputnik radiosynyň gepleşiginde habar berdiler.

Zaslawskaýanyň sözlerine görä, täze derman organizmde wirusyň köpelmek siklini bloklaýar. Ol belli bir fermente — össükli RNK-den garaşly RNK-polimeraza diýlip atlandyrylýan maddanyň işine täsir edýär. Bu ferment wirusyň köpelmeginiň esasy bölegi bolup durýar diýip, täze önümler boýunça direktor belledi.

Ol dünýäde adamda sowuklama alamatlaryny döredip bilýän takmynan 800 görnüşli wirus bardygyny aýtdy.

«Gowy ýeri, olaryň ählisi diýen ýaly RNK-wiruslardyr, olaryň gurluşy we hereket ediş endikleri biri-birine örän meňzeýär» diýip, Zaslawskaýa düşündirdi.

Onuň belleýşi ýaly, döredilen derman wirusyň köpelmegini togtadyp, eýýäm ýokaşan öýjükleri ýok edýär. Netijede, wirus organizmdan doly çykarylýar, bedende diňe sag öýjükler galýar.

Mundan öň Rospotrebnadzor Russiýada kesellendiriji wiruslaryň arasynda dörän üýtgeşmeleri seljerip, respirator wirusly keseller (ORWI) boýunça epidemiologik ýagdaýyň durnukly bolup galýandygyny, emma dolanýan wiruslaryň arasynda grip wiruslarynyň paýynyň artyp barýandygyny belläpdi.