Näme üçin insult ýaşlykda hem köpelýär?
Soňky wagtlara çenli insult diňe garry adamlarda, köplenç 60–70 ýaşdan soň ýüze çykýan keselleriň biri hasaplanýardy. Emma häzirki wagtda statistika bu ýagdaýyň üýtgändigini görkezýär — indi bu damarlaryň ajy katastrofasy 40 ýaşdanam kiçi adamlarda ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Munuň sebäbi adamlaryň durmuş ýörelgesiniň üýtgemegi we ýaşlaryň arasynda töwekgelçilik faktorlarynyň artmagydyr diýip, «Gazeta.Ru»-a Kazan Federal Uniwersitetiniň dosenti, kardiolog we terapewt Lenar Kaşapow gürrüň berdi.
Insult — bu beýniniň gan üpjünçiliginiň birden bozulmagy netijesinde onuň dokumalarynyň zeperlenmegidir. Lukmançylyk tejribesinde insultyň iki esasy görnüşi tapawutlandyrylýar: Birinjisi ähli ýagdaýlaryň takmynan 80%-ni düzýär we gan damarynyň tromb ýa-da aterosklerotik plak bilen beklenmegi sebäpli ýüze çykýar. Ikinjisi bolsa damaryň ýarylmagy netijesinde beýnä gan akmagy bilen baglanyşyklydyr. Ikinji görrnüş has agyr we howply görnüş hökmünde hasaplanýar.
«Insult geçiren adamlaryň ýaşynyň peselmegi aladalanma döredýär. Esasy sebäpler — ýaşlaryň durmuş ýörelgesindäki üýtgeşmeler we töwekgelçilik faktorlarynyň köpelmegi. Olaryň arasynda semizlik, gipertoniýa we diabet ýaly keseller giň ýaýran. Bu keseller esasan, az hereket etmekden (gipodinamiýadan) we nädogry iýmitlenmeden döreýär. Iş we şahsy durmuş bilen bagly ýokary stres derejesi kortizol hormonynyň köpelmegine, şol arkaly bolsa damar ulgamynyň bozulmagyna getirýär. Çilim çekmek we weýping gan süýjüligini artdyrýar, damarlary gysýar we tromb döremeginiň ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Ýaşlarda köplenç anyklanylmaýan gipertoniýa ýa-da aritmiýa bolýar, olar bejergi almazdan dowam edýär. Mysal üçin energetik içgileriň aşa köp sarp edilmegi hem ýürek bilen damar ulgamyna agram salýar» diýip, lukman düşündirdi.
Mundan başga-da, COVID-19 pandemiýasynyň netijeleri hem bu meselä täsir edýär.
«Wirus damar diwarlarynyň endotelini zeperleýär, bu bolsa ganyň ýelmeşijiliginiň artmagyna (giperkoagulyasiýa) sebäp bolýar. Bu ýagdaý tromb döremeginiň töwekgelligini ýokarlandyrýar. Aýratynam, COVID-19-yň agyr görnüşini geçiren adamlarda insultyň ýüze çykma howpy ýokarlanýar. Insult bilen göreşmegiň iň gowy usuly — onuň öňüni almakdyr. Munuň üçin gan basyşyny, holesterin derejesini gözegçilikde saklamak, çilim çekmekden, energetik içgileriň köp ulanylmagyndan ýüz öwürmek we umumy ýagdaýda sagdyn durmuş ýörelgesine geçmek möhümdir. Dogry iýmitlenme hem insultyň öňüni almakda we damarlaryň sag işlemegini goldamakda möhüm orny eýeleýär» diýip, lukman aýtdy.
