Alymlar rak öýjüjeleriniň «duýgur pursadyny» ýüze çykardylar

MCT: Ukuda ýatan rak öýjüjeleri oýanandan soň ýok edilmäge has duýgur bolýar

Sen 12, 2025 - 08:37
Alymlar rak öýjüjeleriniň «duýgur pursadyny» ýüze çykardylar
Depositphotos

Ispaniýanyň Wal-d'Ebron Uniwersitet hassahanasynyň (VHIO) alymlary rak öýjüjeleriniň uky ýagdaýyndan çykandan soň bejergä aýratyn duýgur bolýandygyny anykladylar. Bu gözlegiň netijeleri Molecular Cancer Therapeutics (MCT) atly ylmy žurnalda çap edildi.

Prostata raky erkekleriň arasynda iň köp duş gelýän rak görnüşleriniň ikinjisi bolup, ölüm derejesi boýunça bäşinji orunda durýar. Metastatik prostata raky üçin esasy bejergi usuly — androjen reseptorlarynyň signalyny bloklaýan gormon bejergisidir. Emma wagt geçdigiçe, rak öýjüjeleri bu dermanlara jogap bermekden ýüz öwürýär. Şonuň üçin täze bejergi ugurlaryny gözlemek örän möhüm mesele bolup durýar.

Şeýle ugurlaryň biri hem CDK4/6 ingibitorlary bolup, olar döş rakynda üstünlikli ulanylýar we prostata raky boýunça hem laborator bejergilerde oňat netijeleri görkezdi. Şeýle-de bolsa, hakyky hassalar bilen geçirilen kliniki synaglar şowsuz boldy. Munuň sebäbini öwrenmek üçin alymlar bu dermanlaryň diňe göni täsirini däl, eýsem wagtyň geçmegi bilen ýüze çykýan üýtgeşmeleri hem derňemäge karar berdiler.

Gözlegleriň netijesinde, bejergiden soň ähli rak öýjüjeleri ölenok, olaryň bir bölegi «ukuda galyp», hüjümiň geçmegini garaşýar. Emma olar belli bir wagtdan soň «oýanýarlar» we keseliň gaýtadan döremegine sebäp bolup bilýärler. Hut şu oýanýan döwürde bu öýjüjeler senolitik dermanlara — ukudan çykýan öýjüjeleri nyşana alyp, diňe olary ýok edýän serişdeler — örän duýgur bolýar.

Alymlar şonuň ýaly-da CDK4/6 ingibitorlaryny tiz ýagdaýda bes etmegiň öýjüjelerde DNK-ny zaýalajak üýtgeşmeleri çalt ýygnap başlaýandygyny ýüze çykardylar. Bu ýagdaý rak öýjüjelerini başga bir derman toparyna — PARP ingibitorlaryna (PARPi) aýratyn duýgur edýär. Şeýle kombinasiýa diňe belli bir tertipde peýdaly bolýar: ilki CDK4/6i, soňra bolsa PARPi. Eger-de olar bilelikde berilse, bejerginiň täsiri diýen ýaly ýok bolýar.

VHIO-nyň prostata raky boýunça gözleg toparynyň ýolbaşçysy, onkolog lukman Hoakin Mateo:

«Bu görnüşli “iki gezek urmak” strategiýasy dermanlara garşy durnuklylygy ýeňmäge we hassalaryň prognozyny gowulaşdyrmaga kömek edip biler» diýip belledi.