2027-nji ýylyň Çempionlar ligasynyň finaly Madridde geçiriler
2026/2027-nji ýylyň UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherindäki "Atletiko Madrid" futbol klubynyň öý meýdançasy bolan "Metropolitano" stadionynda geçiriler.
Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berdi diýip, Report agentligi ýazýar.
Karar UEFA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edildi. Şeýle hem şol mejlisde UEFA-nyň 2026-njy ýyldaky Superkubogynyň Awstriýanyň Zalsburg şäherinde geçirilerligi tassyklanyldy.
2027-nji ýylda zenanlaryň Çempionlar ligasynyň finaly Polşanyň Warşawa şäherindäki Milli stadionda, 19 ýaşa çenli futzal boýunça Ýewropa çempionaty bolsa Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçiriler.
Bellik etmek gerek, "Metropolitano" stadiony UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygyny taryhynda ikinji gezek kabul eder.
