Alymlar ýokary intellektiň syryny açdylar

Cell Reports: beýniniň “içki kartalary” döretmek ukyby akyl derejesi bilen baglanyşykly

Noý 8, 2025 - 10:18
Alymlar ýokary intellektiň syryny açdylar

Maksa Plankyň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň neýrobiologlary tarapyndan geçirilen täze ylmy barlagyň netijesine görä, ýokary derejeli pikirlenmek ukybyna eýe adamlar giňişlikdäki zatlaryň ýerleşişini has gowy şekillendirýärler. Iş Cell Reports žurnalynda çap edilipdir.

Alymlar subut etdiler: intellektiň esasy aýratynlyklarynyň biri beýniniň dürli tejribäniň elementleriniň arasyndaky gatnaşyklary nähili kodlaýandygyna bagly bolup biler. Bu aýratynlyk esasan beýniniň ýatkeşlik we giňişlikde ugrukmak üçin jogapkär bölümi bolan gippokamp bilen baglanyşyklydyr.

Gözlegde gatnaşyjylar wirtual giňişlikde dürli zatlaryň ýerleşişini ýatda saklamaly boldular. Ençeme türgenleşikden soň, olar her bir obýektiň ýerleşýän ýerini diýen ýaly ýalňyşsyz gaýtalap bilipdirler. Şol bir wagtyň özünde alymlar funksional MRT arkaly gippokampyň işjeňligini hasaba alypdyrlar we gyzykly kanunalaşyk tapypdyrlar:
näçe ýokary “akyl çeýeligi” (täze meseleleri çözmek we gatnaşykly düzgünleri tapmak ukyby) bolsa, beýni şonça-da güýçli ýagdaýda zatlaryň arasyndaky aralyklary ýüze çykarýardy — ýagny beýni bir “mental karta” döredýärdi.

Bu baglanyşyk ýadyň kuwwatyny we testleriň takyklygyny nazara alanyňda-da saklanypdyr. Diýmek, akyl derejesi diňe bir maglumat mukdary bilen däl, eýsem beýniniň tejribäniň dürli bölekleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary nädip gurluşlandyrýandygy bilen hem kesgitlenýär.

“Biziň maglumatlarymyz görkezýär: intellekt adamyň dürli maglumatlary bir bitewi kognitiw gurluşa birleşdirip bilmek ukybyna bagly bolup biler. Şeýle gurluş adamynyň çeýe pikirlenmegine we netijeli çözgüt tapmagyna kömek edýär,” — diýip, barlagyň awtorlary Rebekka Tenderit we Stefani Teves bellediler.

Alymlaryň pikiriçe, gippokamp diňe ýadyň ammary bolman, eýsem bilimleri gurluşly shemalara gurýan merkez hem bolup hyzmat edýär. Şeýle mümkinçilik adama täze ýagdaýlara çalt uýgunlaşmaga, täze meseleleri çözmäge we doly däl maglumatlardan netijä gelmäge kömek edýär.

Iň soňunda, alymlar bu täsiriň diňe giňişlik gatnaşygynda däl-de, eýsem logiki we düşünje taýdan gatnaşyklarda-da ýüze çykýandygyny barlamakçy bolýarlar. Şeýle hem bu mehanizmleriň adamyň ýaşamak döwrüniň dowamynda nähili ösýändigini öwrenmek meýilleşdirilýär.