Gün ulgamynyň golaýynda ýaşaýşa ukyply täze planeta — Gliese 251 c tapyldy
Alymlar Gün ulgamyndan 18 ýyl ýagtylyk ýol uzaklykda ýerleşýän täze planeta — Gliese 251 c (GJ 251 c) — ýüze çykardylar. Bu täze tapylan ýer, ýaşaýyş üçin amatly şertler bilen iň ýakyn we üns çekiji dünýäleriň biri hökmünde hasaplanýar.
GJ 251 c Bliznets ýyldyz toparyndaky GJ 251 atly gyzyl Karlik ýyldyzyň daşyndan aýlanyp, 53,6 günde doly bir aýlaw edýär. Onuň massasy Ýeriňkiden 3,8 esse uly, emma ýyldyzlara ýakynlygy we kiçi ölçegi sebäpli ýylylygy saklap bilýär. Bu bolsa suwuklyk we biologik jandarlar üçin amatly şertleriň bolmagy üçin möhüm faktor.
Şeýle planetanyň daşky gurşawy alymlara atmosferany, howa şertlerini we ýaşaýyş üçin zerur himiki elementleri öwrenmek mümkinçiligini berýär. Täze tapylan ýerler, adatça, gurluşy daşly bolup, massasy Ýerden uly, emma Neptunyňkydan kiçedir we daşky gurşawynyň durnuklylygy bilen üns çekýär.
Gözlegler HIRES, CARMENES, SPIRou, HPF we NEID ýaly teleskoplaryň maglumatlaryna esaslanyp amala aşyryldy. Alymlar ýyldyzly aktiwlikden döreýän ýalňyş signallary hasaba alyp, doly takyk netijä gelipdirler.
GJ 251 c, täze nesil teleskoplar — Çäksiz Uly Teleskop (ELT), Otuz Metrlik Teleskop (TMT) we Giant Magellan Teleskop (GMT) — arkaly göni surata düşürilip, geljekde ýaşaýyş barlaglarynyň merkezine öwrülmegi mümkin. Alymlar bu planetany demirgazyk asman bölegindäki ýaşaýyş gözlegleri üçin iň amatly täze tapylan ýer diýip hasaplaýarlar.
