Amyderýa – Tebigatyň döreden ajaýyp baýlygy

Amyderýanyň tebigy, taryhy we ykdysady ähmiýeti

Iýul 3, 2025 - 19:48
Amyderýa – Tebigatyň döreden ajaýyp baýlygy
Redaksiýadan: Amyderýa

Suw – tebigatyň döreden ajaýyp baýlygydyr. Ol ýer ýüzüniň 70 göterimini tutýar we ýaşaýşyň gözbaşy hökmünde garalýar. Diýarymyzda gurak howa şertleriniň agdyklyk etmegi suwuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Halkymyz suwy aýawly ulanmak bilen, onuň her damjasyny altyn dänesine deňeýär. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, durmuş bar.

Amyderýa Merkezi Aziýanyň bol suwly derýalarynyň biridir. Ol gözbaşyny Pamir daglaryndaky buzluklardan alýar. Owganystan, Täjigistan, Özbegistan ýaly goňşy döwletleriň hem-de 800 kilometre golaý uzynlykda ýurdumyzyň çäginden akyp geçýär. Alymlaryň köpüsi derýanyň adynyň gadymyýetde uly meşhurlyk gazanan Amul şäheri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Geçmişde, asyrlaryň dowamynda bu derýa Oguz derýasy, Oks, Jeýhun, Wehrod ýaly atlar bilen tanalypdyr. Taryhy öwreniji alymlar N. Murawyowyň “1819-njy we 1820-nji ýyllarda Türkmenistana we Hywa syýahat” hem-de O. Jalmenowyň “Serhetdeş oblastlaryň taryhynda Amyderýanyň ähmiýeti” diýen eserlerinde derýanyň Akjaderýa hanasy boýunça akyp, Aral deňzine guýandygyny belleýärler. Bu pikiri 1025-nji ýylda ýaşan alym Abu Reýhan Birunynyň geografiýa boýunça ýazgylary hem tassyklaýar.

Şeýle-de, güýçli tektoniki we beýleki tebigy hadysalaryň netijesinde Amyderýanyň akymy üýtgäp, XIII asyrdan XV asyryň ikinji ýarymyna çenli Hazar deňzine akandygyny, şol döwürde Aral deňziniň suwunyň azalandygyny, soňra bolsa ýene-de ugruny üýtgedip, Arala guýandygyny belleýärler.

Amyderýa uly derýa hökmünde geçmişde giň meýdanlary suw bilen üpjün edipdir. Bol suwlylygy bilen köller, derýajyklar döredipdir. Şeýle-de, suwuň az bolan döwürlerinde hanalaryň gurap, akym ugruny taşlap giden döwrüniň hem bolandygy aýdylýar. Çäge we gyrmançalaryň tutandygy sebäpli derýanyň düýbiniň ýumşaklygy onuň akym ugruny üýtgedip durmagyna mümkinçilik döredýär. Derýanyň suwy bilen akyp gelýän gyrmançalar suwda açykgoňur reňk döredýär. Bu gyrmançalaryň düzüminde topragyň hasyllylygyny artdyrýan hloridli sulfat, kalsiý, kaliý, magniý, fosfor ýaly maddalar bardyr.

Amyderýanyň suwuň boldugy onuň kenarynda ýaşaýan halklaryň hal-ýagdaýyna täsir edipdir. Onuň süýji suwy ýaşaýşyň çeşmesi hökmünde garalyp, ekerançylygyň, maldarçylygyň, senagatyň, umuman aýdanyňda, halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Müňýyllyklaryň dowamynda gojaman Amyderýa onuň ýakasyndaky döwletler üçin agzybirligiň, dost-doganlygyň derýasy hökmünde hyzmat edipdir. Şol sanda, ol ýurdumyzyň möhüm suw arterýasy bolup durýar. Ondan iň uly emeli derýalaryň biri bolan Garagum derýasy gözbaş alýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara besleneýän ýurdumyza bol suwly derýalarymyzyň joşgunly tolkunlary kämil ösüşleri, beýik özgertmeleri, mähriban halkymyza bol, eşretli, abadançylykly, bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Gojaman Jeýhunyň welaýatymyzy tebigy ýagdaýda sag we çep kenarlara bölmegi, sebitleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, ekerançylygyň gerimini has-da giňeltmäge, ähli pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde Amyderýanyň mele suwundan ganýan ekerançylyk ýerleri bagy-bossanlyga, gülläp ösýän meýdanlara öwrülýär. Halkymyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri günsaýyn gowulanýar.

Bu derýanyň tebigatymyzyň gözelleşmeginde, haýwanat we ösümlik dünýäsi baýlaşmagynda ähmiýetiniň uludygy aýratyn nygtalmaly. Tebigy ýollar bilen suw jandarlarynyň, esasan-da balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň köpelmeginde derýanyň ähmiýetini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Tebigatyň döredýän gözelliklerini, tutuş daşky gurşawy gorap saklamak bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň mukaddes borjudyr.