Amyderýanyň gymmatly balyklary

Amyderýa derýasy — Merkezi Aziýanyň iň uly we iň gadymy derýalarynyň biri bolup, ýaşaýşyň çeşmesi hökmünde giňden tanalýar. Ol diňe bir taryhy taýdan däl, eýsem biologik dürlülik babatda hem örän ähmiýetli suw akabasy bolup durýar. Bu derýa dürli balyk görnüşleriniň we beýleki suw jandarlarynyň ýaşaýan mekanydyr. Şolaryň arasynda bolsa örän täsin we seýrek duş gelýän görnüşleriň biri — kiçi Amyderýa pilburnydyr. Bu balyk tebigatymyzyň hakyky hazynasydyr.
Kiçi Amyderýa pilburny daşky görnüşi boýunça uly Amyderýa pilburnyna meňzeýär. Ýöne ol ondan has kiçi, tumşugy inçejik we çykgyntgysyz bolýar. Bedeni owadan, uzynrak, ýeňil we süýri görnüşde bolýar.
Bu balygyň belli aýratynlyklary: Uzynlygy ortaça 21–27 santimetr, agyrlygy bolsa 50 grama çenli ýetýär. Iki görnüşi bar: uzyn tumşukly we gysga tumşukly görnüşler. Olar adatça derýanyň orta akymynda, ýagny Halaç etrabyndan başlap Kerkä çenli aralykda duş gelýär. Derýanyň çuň, düýbi daşly, toýun harçanly, çalt akýan ýerlerini ýaşaýyş mekany hökmünde saýlap alýarlar.
Bu balyklar adatça suwlaryň düýbünde ýaşaýarlar. Olar çalt akýan, biraz bulanyk suwlara uýgunlaşyp ýaşamagy başarýarlar. Iýmit hökmünde bolsa suw düýbündäki ownuk jandarlary — oňurgasyzlary iýýärler.
Kiçi pilburnlar ortaça 6 ýyl ýaşaýarlar. Olaryň jynsy taýdan doly ösdürilip ýetişmegi 4–5 ýaşynda bolýar. Olaryň urkaçysy ýylda takmynan 1 müňden 2 müňe çenli tohum goýberýärler. Şol sebäpli olaryň köpelmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi möhümdir.
Kiçi Amyderýa pilburny häzirki wagtda örän seýrek duş gelýän görnüşdir. Sebäbi derýanyň gidrologik ýagdaýlarynyň üýtgemegi, suw desgalarynyň gurulmagy netijesinde bu balyk üçin amatly ýaşaýyş şertleri azalýar. Bu bolsa olaryň köpelmegine we ýaşamagyna uly päsgelçilik döredýär.
Şonuň üçin bu täsin balyk Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilip, döwlet tarapyndan gorag astyna alnypdyr. Häzirki wagtda bu görnüşiň tutulmagy gadagan bolup, ony diňe ylmy maksatlar bilen öwrenmäge rugsat berilýär.
Amyderýa derýasy — halkymyzyň ýaşaýşynyň özenegi, ýaşaýşyň çeşmesidir. Şeýle mukaddes suwuň täsin jandarlarynyň biri bolan kiçi pilburny goramak her birimiziň borjumyzdyr. Bu balygyň nesliniň dowam etmegini üpjün etmek üçin: olar üçin amatly suw ýataklaryny saklamaly; emeli usullar arkaly köpeldip, suw howdanlaryna goýbermeli; biotehniki usullary ösdürip, ýaş nesillerini ýetişdirmäge mümkinçilik döretmeli.
Bu işleriň amala aşyrylmagy diňe bir bu balygyň goraglylygyny üpjün etmän, eýsem Amyderýanyň biologik deňagramlylygyny hem saklar.
Kiçi Amyderýa pilburny — tebigatymyzyň täsin, seýrek duş gelýän we goraga mätäç balyk görnüşleriniň biridir. Ony goramak, ýaş nesillerimize arassa tebigaty, baý görnüşleri miras goýmakdyr. Her birimiziň bu ugurda azda-kände goşandymyzy goşmagymyz wajypdyr.
Geliň, Amyderýanyň janly täsinligini bilelikde goralyň!