Antibiotikleriň dogry ulanylmagy – saglygyň goragydyr

Okt 20, 2025 - 17:24
Okt 20, 2025 - 17:27
Antibiotikleriň dogry ulanylmagy – saglygyň goragydyr

Antibiotik derman serişdeleri ýokanç keselleri bejermekde möhüm orun eýeleýär. Olaryň ýüze çykmagy bilen lukmançylykda uly üstünlik gazanylyp, ýokançlaryň döremegi hem-de gaýra üzülmeleriň sany ep-esli azaldy.

Ilkinji antibiotik – penisilliniň ulanylyp başlanmagy bejeriş ulgamynda täze sahypa açdy. Şeýle-de bolsa, wagtyň geçmegi bilen antibiotiklere durnukly mikroorganizmalar ýüze çykyp başlady. Bu ýagdaý häzirki wagtda dünýä lukmanlygynyň öňünde duran möhüm meseleleriň biridir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) antibiotiklere durnuklylygyň ýokarlanmagynyň global howp derejesine ýetenini belleýär. Birleşen Milletler Guramasy hem bu ýagdaýy ynsanyň saglygyna we dünýä durnuklygyna täsir edýän esasy meseleleriň biri hökmünde görkezýär.

Antibiotiklere rezistentligiň ösmeginiň esasy sebäpleriniň biri — olaryň raýatlar tarapyndan özbaşdak, lukmanyň görkezmesiz ulanylmagydyr. Statistiki maglumatlara görä, antibiotikleriň 80–90%-i ýiti respirator kesellerde – ýagny dem alyş ýollarynyň ýokançlarynda ulanylýar.

Lukmanlar şu maslahatlary berýär:

  • Antibiotikler diňe lukmanyň maslahaty bilen kabul edilmeli;

  • Bejergi wagtynda döredilen tertip doly berjaý edilmeli;

  • Derman serişdeleri boýunça özbaşdak maslahat berilmezlik gerek;

  • Ýokançlardan goranmagyň iň gowy usuly – öňüni alyş sanjymlaryny wagtynda almakdyr (pnewmokokka, gemofil taýajyklaryna we grippa garşy).

Antibiotikleriň dogry we jogapkärli ulanylmagy diňe bir keselleriň öňüni almak bilen çäklenmän, eýsem lukmançylykda täze bejergi mümkinçilikleriniň dowam etmegini hem üpjün edýär.